SPORT

Messiniň çempionlyk goly: “PSŽ” – çempion

Ýewropanyň öňdebaryjy futbol çempionatlarynda çempionlar belli bolmaga başlady. Germaniýada “Bawariýa” çempion bolan bolsa, Fransiýada Lionel Messili ” PSŽ” çempionlygyny yglan etdi.

“PSŽ” topary milli çempionatyň 34-nji tapgyrynda “Lans” topary bilen duşuşyp, 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady.

Şeýlelikde, “PSŽ” topary Fransiýanyň çempionatyndaky 10-njy çempionlygyny gazanyp, ýurduň rekordyny täzeledi. Mundan ozal,”Sent-Etýen” topary 10 gezek çempion bolupdy.

“PSŽ” toparynyň düzümindäki Lionel Messi bu duşuşykda tapawutlanyp, altyn goluny geçirdi. Şeýlelikde, ol “Barselona” toparyndan soňra başga bir toparda çempion bolmagy başardy.

Toparyň tälimçisi Maurisio Poçettino tälimçi hökmünde ilkinji çempionlygyny gazanan bolsa, toparyň italiýaly futbolçysy Marko Werratti 8-nji gezek Fransiýanyň çempiony bolup, rekord goýmagy başardy.

 

“Bawariýa” bassyr 10-njy çempionlygyny gazandy

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler