Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) tarapyndan 2023-nji ýylyň iň gowy futbolçylary saýlandy. Angliýanyň paýtagty London şäherinde geçirilen “FIFA The Best” baýraklarynyň gowşurylyş dabarasynda “ýylyň futbolçysy” adyna Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýyldyzy Lionel Messi boldy. Ýöne Messi bu baýrak gowşurylyş dabarasyna gatnaşmady.
Şeýlelikde, Messi bu baýraga 3-nji gezek mynasyp bolýar. FIFA tarapyndan bu baýrak 8-nji gezek gowşurylýar. Kristiano Ronaldo we Robert Lewandowski 2 gezekden gazandy. Luka Modriçde bolsa şeýle baýrakdan biri bardy. Bu ugurda hem Lionel Messi öňe saýlandy. Messi bu baýraklara 2019-njy hem-de 2022-nji ýyllarda mynasyp bolupdy.
Messi bu gezek hem Kilian Mbappe hem-de Erling Holanddan öňe saýlandy.
Şeýle hem baýrak gowşurylyş dabarasynda “Mançester Siti” toparynyň tälimçisi Pep Gwardiola “Iň gowy tälimçi” baýragyna mynasyp boldy. “Ýylyň iň gowy derwezeçisi” baýragyna bolsa, “Mançester Siti” toparynyň brazil derwezeçisi Ederson mynasyp görüldi.
Şeýle hem “Ýylyň iň owadan goly” hökmünde berilýän “Puskaş” baýragyna Gilýerme Madruga mynasyp boldy.
