SPORT

Messi toparynyň bazar bahasyny 74 göterim artdyrdy

Lionel Messiniň “Inter Maýami” toparyna geçmegi bilen bu toparyň maliýe ýagdaýy ep-esli gowulandy. Şol bir wagtda ABŞ-nyň futbol çempionayt bolan “MLS” hem maliýe ýagdaýyna oňyn täsirler boldy.

Neşirleriň habar bermegine görä, soňky ýylda “Inter Maýami” toparynyň bahasy 74 göterim artyp, 1,2 milliard dollara deň boldy. Şeýle hem amerikan klubyň girdejileri ýokarlandy. Bu topar 2023-nji ýylda 127 million dollar gazandy,  2022-nji ýyldaky girdeji 55 million dollara deň bolupdy.

Şeýle hem geçen ýyl “MLS” çempionatynyň toparlarynyň girdejisi 27 göterim artdy.

Messi täze toparynda 14 duşuşykda oýnady, onuň 2025-nji ýylyň tomsuna çenli şertnamasy bar. Häzirki wagtda Messiniň bazar bahasy 35 million ýewro deňdir.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler