2024-nji ýylda Lionel Messi bilen Kristiano Ronaldonyň arasyndaky duşuşyga tomaşa etmek mümkinçiligi döräp biler. Fewral aýynda Saud Arabystanyda Lionel Messiniň çykyş edýän ABŞ-nyň “Inter Maýami”, Ronaldonyň “Al-Nasr” hem-de Neýmaryň “Al-Hilal” toparlarynyň arasynda ýoldaşlyk duşuşyklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
“Riyadh Season” festiwalynyň çäginde geçiriljek duşuşyklar Er-Riýad şäherinde geçiriler. Bu çäre futbol ägirtlariniň soňky duşuşygy hökmünde kabul edildi.
Ýöne, ABŞ-nyň “Inter Maýami” topary bu habary doly tassyklamady.
Mälim bolşy ýaly, Messi bilen Ronaldo soňky gezek Fransiýanyň “PSŽ” topary bilen “Al-Nasr” toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykdy duşuşypdy.
“Riyadh Season” festiwaly Saud Arabystany Patyşalygynyň hökümeti tarapyndan maliýeleşdirilýän we her ýyl geçirilýän dynç alyş festiwalydyr. Ol 2019-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Bu festiwalyň çäklerinde köp sanly sport bäsleşikleri geçirilýär. Golaýda Er-Riýadda Taýson Fýuri bilen Frensis Ngannunyň arasynda boks tutluşygy geçirildi. Dekabr aýynda bolsa, Nowak Jokowiç, Karlos Alkaras, Ons Žaber we Arina Sobolenkonyň arasynda tenis ýaryşy geçiriler.
2024-nji ýylda Italiýanyň hem-de Ispaniýanyň Superkubogynyň duşuşyklary Saud Arabystanyda geçiriler.
