2022-2023-nji möwsümiň iň gowy futbolçysyna berilýän “Altyn pökgi” baýragynyň ýeňijisi belli boldy. “France Football” žurnaly tarapyndan berilýän “Altyn pökgi” baýragyna 8-nji gezek Argentinanyň ýyldyzy Lionel Messi boldy.
“Altyn pökgi” baýragynyň gowşurylyş dabarasy Pariž şäherindäki “Şatle” teatrynda geçirildi. Dabarany Sandi Heribet hem-de meşhur futbolçy Didier Drogba alyp bardy. Ýewropa futbolynyň iň abraýly baýragy hasaplanýan “Ballon d’Or”-yň 67-nji baýrak gowşurylyş dabarasyna köp sanly futbol janköýerleri uly sabyrsyzlyk bilen garaşdy.
Argentinaly ýyldyz Lionel Messi ýylyň iň gowy futbolçysy saýlandy we “Ballon d’Or” baýragyna mynasyp boldy.
Kataryň ýer eýeçiliginde geçirilen “FIFA 2022” dünýä çempionatynda Argentina milli ýygyndysy bilen çempionlygy gazanan 36 ýaşly Messi, bu baýraga karýerasynda 8-nji gezek gazandy.
Ýewropanyň çäginden daşarda başga bir toparda futbol oýnaýän döwründe, “Ballon d’Or” baýragyny gazanan ilkinji türgen bolan Messi şol bir wagtda bu baýraga mynasyp bolan iň garry futbolçy boldy.
Ýewropadaky başdan geçirmelerini tamamlan ýyldyz oýunçy iýul aýynda ABŞ-a gitdi we “Inter Maýami” bilen şertnama baglaşdy.

2009-njy ýylda ilkinji gezek bu baýragy gazanan Messi bu baýragyň sanyny 8-e çykardy. Onuň esasy bäsdeşi Kristiano Ronaldo bolsa, 5 gezek bu arzyly baýraga mynasyp bolupdy.
Şeýle hem dabarada Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň we “Barselona”-nyň ýyldyzy Aitana Bonmati iň gowy zenan futbolçy baýragyna mynasyp boldy.
Ýylyň hüjümçisine berilýän “Gerd Müller” baýragyna “Mançester Siti” toparynyň hüjümçisi Erling Holand mynasyp boldy.
“Real Madrid” toparynyň iňlis ýyldyzy Jude Bellingam möwsümiň iň gowy 21 ýaşdan kiçi futbolçysyna berilýän “Kopa” kubogyny gazandy.
Angliýanyň “Aston Willa” toparynyň argentinaly derwezeçisi Emiliano Martinez ýylyň iň gowy derwezeçisine berilýän “Lew Ýaşin” baýragyny aldy.
