SPORT

Meşhur tälimçi Arsen Wengere türkmen halysyny sowgat berildi

Türkmenistanly FIFA-nyň tehniki hünärmeni Röwşen Meredow düýn Kataryň paýtagty Doha şäherinde başlanan okuw maslahatynda ady rowaýata öwrülen tälimçi Arsen Wengere türkmen halysyny sowgat berdi. Bu barada “jankoyer.com.tm” neşiri habar berýär.

Indi birnäçe ýyldan bäri FIFA-da futboly ösdürmek bilen bagly taslama boýunça işläp gelýän Arsen Wenger bilen türkmenistanly futbol hünärmeniniň gürrüňdeşligi mähirli ýagdaýda geçdi. Taraplar dünýä döwletlerinde, şol sanda Türkmenistanda futboly, esasan hem, çagalar futboluny ösdürmeki barada pikir alyşdylar.

Dünýä meşhur hünärmen türkmenistanly kärdeşiniň gowşuran sowgadyny uly minnetdarlyk bilen kabul etdi.

Futbol hünärmenleriniň okuw maslahaty 29-njy fewrala çenli dowam eder.

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy