JEMGYÝET

Meşhur romanyň ady üýtgedildi

Agata Kristiniň «On garatenliniň perzendi» atly detektiw romanynyň adyna üýtgeşme girizildi. Bu roman indi Fransiýada «Olar on sanydy» diýen at bilen satuwa çykarylar.

Kitapda on sany garatenliniň pajygaly ykbaly barada gürrüň berilýär. Häzir fransuz neşirçileri eseriň ýazylan wagtynda diliň başgaça bolandygyny, käbir unudylan sözleriň hem bu kitapda gabat gelýändigini öňe sürýärler. Ýazylan döwürlerinde eseriň adyna hem özgertme girizilipdir. Esasan hem kitap ABŞ-da ozalky ady bilen meşhurlyk gazanypdyr. Ýöne 1980-nji ýylda Beýik Britaniýada girizilen «Olar on sanydy» diýlen nusga bu gün bütin dünýä ýaýradylsa adalatly boljak — diýip, neşirçiler belleýärler.

Olar häzirki günlerde öňe sürülýän jynsparazlyga garşy hereketlere awtoryň özüniň hem tarapdar bolandygyny tutaryk edinýärler. Şeýlelikde, mundan soňky neşirleriň ählisinde bu meşhur eser täze at bilen okyjylara ýetiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi

Aşgabatda gender deňligi boýunça parlamentara dialogy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda ilkinji gezek Türkmenistan–ÝB işewürler forumy geçirildi

Sadyr Žaparow: gyrgyz-türkmen gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar