Meşhur britan futbolçysy ser Bobbi Çarlton 87 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada “Daily Mail” neşiri habar berýär.
Ol Angliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 1966-njy ýylda dünýä çempiony boldy. Çarlton umumylykda, milli ýygyndynyň düzüminde 106 duşuşykda oýnady.
Bobbi Çarlton futbol karýerasynyň agramly böleginde Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň düzüminde oýnady. Ol bu toparda 758 duşuşykda meýdança çykdy.
1958-nji ýylda ol Mýunhen şäherinde bolup geçen uçar heläkçiliginde halas bolan futbolçylaryň biridir. Şol heläkçilikde “Mançester Ýunaýted” toparynyň 23 futbolçysy we tälimçileri aradan çykypdy.
1966-njy ýylda Bobbi Çarltonly Angliýa dünýä çempiony boldy. Şonda Çarltonyň Portugaliýanyň derwezesinden geçirne 2 goly Angliýa finala çykmaga mümkinçilik beripdi. Şol ýyl Bobbi Çarlton iň gowy futbolçy hökmünde “Altyn pökgi” baýragyna mynasyp bolupdy.