JEMGYÝET

Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň gol çeken resminamalary

Şu gün Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart-Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçirilýän duşuşyga Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem-de Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdy.

Duşuşygyň jemleri boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Hususan-da:

  • Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygy boýunça bilelikdäki beýannamasy
  • “Merkezi Aziýa-2040” sebitleýin korporasiýany ösdürmek konsepsiýasy
  • “Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Miromanowiç Mirziýoýewi Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlarynyň hormat nyşany bilen sylaglamak hakynda” Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynyň çözgüdi

Şeýle hem Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki beýannamasy bilen tassyklanan resminamalar:

  • 2025-2027-nji ýyllar üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýol kartasy
  • 2025-2027-nji ýyllar üçin Merkezi Aziýa döwletleriniň senagat korporasiýasyny ösdürmegiň  hereket meýilnamasy

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde resmi wekiliýet agzalarynyň arasynda gol çekilen resminamalar:

  • Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ulag-logistika merkezlerini ösdürmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky ähtnama
  • Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika ministrleriniň birinji duşuşygy boýunça beýanat
  • Merkezi Aziýa döwletleriniň ulag ministrleriniň ikinji duşuşygy boýunça Astana beýanaty.

Ýene-de okaň

Astanadaky ikinji «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammiti fotosuratlarda

Türkmenistanyň Prezidenti Astanada german işewürleri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols bilen duşuşdy

Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň we Germaniýanyň Kansleriniň duşuşygy başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Owganystandaky maýa goýumlary 1.5 milliarddan geçdi

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa – Germaniýa» sammitine gatnaşar

Ata Watan Eserleri