DÜNÝÄ

Merkezi Aziýanyň Prezidentleriniň duşuşygy Türkmenistanda geçiriler

Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda ministrler ikitaraplaýyn gün tertibiniň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň derwaýys ugurlary babatynda aýdylanda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky özara hereketleriň giňeldilmeginiň zerurlygy nygtaldy.

Şu nukdaýnazardan, şu ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçiriljek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet ýolbaşçylarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygyna Gazagystanyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.

R.Meredow we M.Tleuberdi iki ýurduň ähmiýetli halkara meseleleri babatynda özara düşünişmeleriniň bardygy, şeýle-de taraplaryň halkara düzümleriniň çäklerindäki başlangyçlarynyň we dalaşgärlikleriniň özara goldanylýandygynyň derwaýyslygy aýratyn bellenilip geçildi.

Ýangyç-energetika pudagyndaky, senagat, ulag we aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, şonuň ýaly-da medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi türkmen-gazak özara hereketleriniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe çykaryldy.

***

Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen duşuşygy geçirildi.

Ikitaraplaýyn gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen, ministrler şeýle-de sebit we halkara guramalarynyň çäklerindäki özara hereketleriň meselelerine jikme-jik seredip geçdiler. Iki ýurduň köpugurly düzümleriň çäklerindäki başlangyçlarynyň özara goldanylmagynyň derwaýyslygy nygtaldy.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda ýokary derejeli duşuşyklary geçirmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn türkmen-täjik hereketleriniň oňyn depginini nygtamak bilen, ministrler söwda-ykdysady ulgamdaky özara hereketlerine, ulag, oba hojalygy, suw ulanyş we beýleki ileri tutulýan ugurlardaky hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna seredip geçdiler. Şeýle-de ministrler iki ýurduň medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereketlerini giňeltmegiň meselelerine hem seredip geçdiler.

 

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen duşuşyk

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi

Eýranyň ilçihanasynyň medeniýet merkezinde Gurhan sergisi we agzaçar çäresi geçirildi.

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen Türkmenistan atçylyk sporty boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdy

Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň 9-njy parlamentara duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde geçirilen «Salgyt we ösüş» atly mejlise gatnaşdy

Russiýa Türkmenistanyň başlangyçlaryny goldaýar