JEMGYÝET

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň sazlaşykly we okgunly häsiýete eýe bolup durýandygyny, olaryň çuňňur mähirlilik we açyklyk bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykdy hem-de dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Ol ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara düzümleriniň ugry boýunça ilerleýär, munuň şeýledigine abraýly guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän halkara başlangyçlaryna we tekliplere özara goldawyň berilmegi aýdyň şaýatlyk edýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryna netijeli häsiýetiň mahsusdygy bellenildi. Düýn wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen “Türkmenistan-Özbegistan” işewür geňeşiniň 1-nji mejlisi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu Geňeşiň alyp barýan işleri ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklaryny giňeltmäge, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmaga, maýa goýum işjeňligini höweslendirmäge ýardam etmäge gönükdirilendir. Şol bir wagtda medeni-ynsanperwer ulgamda däbe öwrülen hyzmatdaşlyk giňelýär we berkeýär.

Sebitiň we dünýäniň käbir möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalaryň barşynda Prezidentler koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly meselä degip geçdiler. Bu ýagdaý häzirki wagtda tutuş dünýä bileleşigi üçin uly synaga öwrüldi.

Şeýle hem telefon söhbetdeşliginiň barşynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Maslahat beriş duşuşygyny geçirmek hakynda mesele gozgaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu duşuşygy 2021-nji ýylda Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.

Bu teklibiň goldanan ýagdaýynda Türkmenistan öňde agzalan mesele boýunça degişli guramaçylyk işine başlamaga taýýardyr. Öňde boljak sammiti geçirmegiň senesi we gün tertibi barada aýdylanda, olary sebitiň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ylalaşmak teklip edilýär.

 

Teswirler Sahypamyz

Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!

 

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri