DÜNÝÄ

Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Şu gün Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň başlyklyk etmeginde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäginde Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet gatnaşdy.

Täjigistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, Merkezi Aziýanyň daşary işler ministrleri Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň gün tertibiniň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar we ony tassykladylar.

Täjigistanyň daşary işler ministri öz çykyşynda sebit ýurtlarynyň Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek bähbitleri üçin açyk we giň özara gatnaşyklara taýýardygyny aýtdy.

Şeýle hem ol Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Duşanbe şäherinde 16 sany çäräniň geçirilýändigini belledi.

Ministrler Merkezi Aziýanyň dostlukly ýurtlarynyň bilelikdäki ösüşiniň uzak möhletleýin maksatlaryna ýetmegiň açary bolup durýan häzirki meseleleriň giň toparynda yzygiderli we gyzyklanýan özara gatnaşyklaryň esasydygyny biragyzdan aýtdylar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri