JEMGYÝET

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirildi

«Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy geçirildi. Çäre şol gün Hazar deňziniň türkmen kenarynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji Konsultatiw duşuşygy bilen bir wagtda geçirildi.

Dialogyň gatnaşyjylary, ýagny Özbegistanyň Oliý Mažlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa, Gazagystanyň Parlamentiniň Mažilisiniň Halkara meseleleri, goranmak we howpsuzlyk Komitetiniň başlygy Aýgül Kuspan, Gyrgyzystanyň Žogorku Keneşiniň Toragasynyň Orunbasary Aida Kasymaliýewa, Täjigistanyň Hökümetiniň ýanyndaky Zenanlaryň we maşgala işleri boýunça Komitetiniň Başlygy Hilalbi Kurbonzoda we BMG-niň Baş Sekratarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň baştutany Natalýa German dagylar wekilçilikli foruma gatnaşmak üçin çäräniň öňüsyrasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna bardylar.

Açylyş dabarasynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogyna gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy.

Soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogyna şu ýylda başlyklyk edijiler bolan Gülşat Mämmedowa, Tanzila Narbaýewa we Natalýa German dagylar gutlag sözi bilen çykyş etdiler. Şeýle-de BMG-niň Baş Sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Dolandyryjysynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça Sebitleýin edarasynyň direktory Mirýana Spolýariç Eggeriň wideoýüzlenmesi diňlenildi.

Şondan soňra Dialoga gatnaşyjylar “Merkezi Aziýada gender deňligini ösdürmek boýunça syýasatyň durmuşa geçirilmegi. Sebitleýin hyzmatdaşlygyň tejribesi” atly plenar mejlisde çykyş etdiler. Olar sebitiň döwletleriniň arasynda parlamentara gatnaşyklaryň ähmiýetini bellemek bilen, Dialogy döretmegiň maksatlaryna ýetmek boýunça döwletler tarapyndan alnyp barylýan işler, has takygy, ýaşaýşyň syýasy, ykdysady we durmuş ugurlarynda zenanlaryň ornuny berkitmek hem-de olary sebitde parahatçylyk, durnuklylyk we durnukly ösüş bilen bagly meseleler babatda çözgütleri kabul etmek hereketlerine çekmek boýunça sebitiň zenanlaryna goldaw bermek barada gürrüň berdiler.

Dialogyň gatnaşyjylary Dialogyň çäklerinde gatnaşyklary giňeltmek barada pikir alyşdylar. Şunuň bilen baglylykda, BMG we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Plenar mejlisden soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň Jarnamasy kabul edildi.

Soňra Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşyjylaryň adyndan Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlaryna Ýüzlenme kabul edildi. Ýüzlenmede Dialogyň işlerine edilýän goldaw üçin Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentlerine minnetdarlyk bildirildi.

Çäre tamamlanandan soňra, Dialogyň gatnaşyjylary Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormatly nyşany bilen sylaglamak dabarasyna, şeýle-de baý mazmunly medeni çärelere gatnaşdylar.

Indiki ýylda Dialoga başlyklyk etmek Türkmenistana geçirildi we ony Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy alyp barar.

 

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi geçirildi

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady