DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy geçiriler

Mälim bolşy ýaly, 12-13-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçiriler. Bu möhüm ähmiýetli çärelere Russiýadan, sebitiň ýurtlaryndan parlamentarilerdir halkara guramalaryň wekilleriniň, bilermenleriň köp sanlysynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde çap edilen makalada bellenilip geçilýär.

«Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilmegi meýilleşdirilýän Parlamentara forum we zenanlaryň dialogy däp bolan dostlukly türkmen-rus, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe bolar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlary hereket edýär. Olaryň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy kanun çykaryjylyk işinde, kanunlaryň ýerine ýetirilişine parlament gözegçiligini alyp barmakda hem-de kanunlary ilat arasynda düşündirmekde tejribe alyşmaga ýardam edýär. Şeýle-de halkyň saýlan wekillerine saýlawçylar bilen işleşmekde, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşmakda döwrebap iş usullary babatda özara pikir alyşmak üçin amatly şertleri döredýär.

Milli Geňeşiň Mejlisi Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleri bilen hem özara gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Şunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi bilen Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň we Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň milli Majlisiniň arasynda parlamentara dostluk toparlarynyň hereket edýändigini nygtamak gerek.

Paýtagtymyz Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde ilkinji gezek parlamentarileriň we zenanlaryň forumynyň geçirilmegi bolsa Türkmenistanyň döwlet dolandyryşynda hem-de diplomatiýanyň möhüm ugurlarynda toplan oňyn tejribesini parlamentara meýdançalaryň çäginde ýaýratmaga, bu ugurda öňde durýan anyk wezipeleri ýakyndan ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer.

 

Türkmenistanda Ýeňiş güni bellenildi

Ýene-de okaň

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler

Gyrgyzystan ilkinji gezek milli puluny özbaşdak çap etdi