MEDENIÝET

“Meniň Watanym” kinofestiwaly: ýeňijiler yglan edildi

Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan ýurdumyzyň kino sungaty has-da ösdürmek babatda köp sanly işler geçirilýär. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli hem Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan «Meniň Watanym» atly çeper-publisistik we hronikal-dokumental filmleriň kinofestiwaly geçirildi.

Şu gün bolsa, “Meniň Watanym” atly kinofestiwalynyň jemi jemlendi. Kinofestiwalyň emin agzalary  tarapyndan uly işler alnyp baryldy we oňa hödürlenen dürli ugurlar boýunça döredilen filmlere tomaşa edildi.

Eminler topary görkezilen filmlerden iň gowusyny saýlap aldylar. Şol filmleri hem ýeňiji diýlip hasap etdiler. “Meniň Watanym” atly çeper-publisistik we hronikal-dokumental filmleriň kinofestiwalynyň ýeňijilere baýraklar, gymmat bahaly sowgatlar, ýörite diplomlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bu kinofestiwalda ýeňiji bolanlaryň hatarynda ýurdumyzda köp ýyldan bäri işläp gelýän Türkiýäniň teleradiokompaniýalar toparynyň (TRT) Aşgabatdaky wekilhanasy hem bar. TRT Aşgabat wekilhanasynyň döredijilik toparynyň taýýarlan “Inci Şehir Aşkabat!” ( “Merjen şäher Aşgabat”) atly filmi Iň gowy kinossenariýa eseri baýragyna eýe boldy.

“MENIŇ WATANYM” KINOFESTIWALYŇ ÝEŇIJILERI

 Baş baýrak – “Nesillere galsyn diýip…” atly filmi kinorežissýor Rahymberdi Annagulyýew baş baýraga eýe boldy.

 Eminler toparynyň baýragy – “Altyn Asyr” teleýaýlymynyň işgäri Myratgeldi Hallyýew “Garagum derýasy-Bereket çesmesi” atly filmi Eminler toparynyň baýragyna eýe boldy.

 Iň gowy kinorežissýor – Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň döredijilik toparynyň taýýarlan režissýory Kakow Garaýew “Meniň atam gümrükçi” atly filmi “Iň gowy kinorežissýor” baýragyna eýe boldy.

 Iň gowy filmiň edebi esasy – TRT Aşgabat wekilhanasynyň döredijilik toparynyň taýýarlan “Inci Şehir Aşkabat!” ( “Merjen şäher Aşgabat”) atly filmi “Iň gowy kinossenariýa eseri” baýragyna eýe boldy.

 Iň gowy kinooperatoryň işi – “Nesillere galsyn diýip…” atly filminiň kinooperatory Mekan Gurbanalyýew “Iň gowy kinooperatoryň işi” baýragyna eýe boldy.

 Iň gowy film sepleýjisi – “Ykbally döwlet” atly filminiň sepleýjisi Jepbar Aşyrgeldiýew “Iň gowy film sepleýjisi” baýragyna eýe boldy.

Iň gowy film kompozitory – “Aziýada 2017 bu diňe bir sport däl…” atly filmini “Ýaşlyk“ teleýaýlymynyň işgäri Aýna Durdyýewa filmiň saz bezegi üçin “Iň gowy film kompozitory” baýragyna eýe boldy.

 Iň gowy film suratkeşi – “Üstünligiň syry” atly filmini “Aşgabat” teleýaýlymyň işgäri we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Ýazmyrat Allaberdiýew “Iň gowy film suratkeşi” baýragyna eýe boldy.

 

Rus olimpiýa ýeňijileri “BMW X5” awtoulag sowgat aldylar

 

Ýene-de okaň

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary

Beýonse – XXI asyryň aýdymçysy