BILIM

MEMORIAD-2024: türkmen okuwçylary Dubaýda mental sport boýunça 3 medal gazandylar

7-9-njy noýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde MEMORIAD-2024 Mental sporty boýunça Bütindünýä Olimpiadasy geçirildi.

Bäsleşige dünýäniň 35 döwletinden 180-den gowrak wekil gatnaşyp, olar ýaşlaryň we ulularyň arasynda 12 kategoriýada ýaryşdylar. Türkmenistanyň adyndan 17 mekdep okuwçysy we 2 wekil bu bäsleşikde çykyş etdi. Türkmen okuwçylary 5 kategoriýada ussatlyklaryny görkezip, 3 medal gazanmagy başardylar. Bu barada “https://tmcars.info” habar berýär.
Netijede,

  • Ogulmaral Altyýewa “6 belgili sanlardan ýatdan dereje köki çykarmak” boýunça ýaşlaryň arasynda 3-nji orny eýeläp, bürünç medal aldy;
  • Aýgül Ýusupowa “Anzan fleş-marafony” boýunça ýaşlaryň arasynda 2-nji orny gazanyp, kümüş medala mynasyp boldy;
  • Mekan Nurgeldiýew “Anzan fleş-marafony” boýunça çykyş edip, altyn medal gazanmagy başardy.

MEMORIAD 2006-njy ýylda esaslandyrylyp, mental sportuň dürli görnüşlerini öz içine alýar. Ilkinji MEMORIAD Olimpiadasy 2008-nji ýylda geçirilip, şondan bäri Olimpiýa oýunlary bilen ugurdaşlykda her dört ýylda bir gezek guralýar.

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary