BILIM

Mekdep okuwçylarynyň Halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmak barada…

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp 2024-nji ýylyň mart aýynyň 25-30-y aralygynda Arkadag şäherinde geçiriljek mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasyna gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrýar.

Halkara matematika olimpiadasy mekdep okuwçylarynyň tebigy zehin-başarnyklaryny ösdürmek, dost-doganlygy berkitmek arkaly giň dünýägaraýyşly öňdebaryjy ýaşlary kemala getirmek, ylym we döredijilik bilen işjeň meşgullanmaklaryna höweslendirmek, olaryň intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek maksady bilen geçirilýär.

Olimpiadanyň resmi iş dilleri – türkmen, rus, iňlis dilleri

Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşde I (bir) tapgyrda A we B derejede geçirilýär:

A derejä – 20 ýaşa çenli mekdep okuwçylar, olimpiadanyň geçirilýän döwründe öz ýurdunyň mekdebini tamamlanyna 1 ýyldan köp wagt geçmedik hem-de orta we ýokary okuw mekdebiniň talyby bolmadyk uçurymlar gatnaşyp biler;

B derejä – ýaşy 15,5 geçmedik okuwçylar gatnaşyp biler.
Gatnaşyjy ýurtlar üçin iki derejede hem okuwçy (gatnaşyjy) sanynda  çäklendirme ýokdur.

Olimpiada gatnaşýan ýurtlar bäsleşige 3 mesele hödürläp biler. Hödürlenýän meseleler anyk çözüwi bilen guramaçylyk toparyna 2024-nji ýylyň 25-nji fewralyna çenli iberilmeli.
Olimpiada gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçylar we olaryň topar ýolbaşçylary 2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndan 10-njy martyna çenli hasaba alynýar.

Şahsy hasaba alyş

Düzgünnamasy:      Türkmençe     Rusça        Iňlisçe 

Olimpiada gatnaşýan mekdep okuwçylarynyň hem-de ýolbaşçylarynyň iýmit, ýaşaýyş jaý, ýurduň çägindäki awtotransport we olimpiada geçýän döwründäki syýahatçylyk bilen baglanyşykly çykdajylaryny bäsleşigi geçirýän ýurt öz üstüne alýar.

Habarlaşmak üçin: Halkara matematika olimpiadasynyň guramaçylyk topary

+99312 448409,  +99312 398550, +99365809906    

met.ssimo@gmail.com

Ýene-de okaň

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen we iňlis uniwersitetleriniň wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanda aprel aýynda halkara ylmy-amaly maslahatlar we olimpiadalar geçiriler

Türkmen ýokary okuw mekdepleri “Lomonosow-2026” forumynyň halkara meýdançasy bolar

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýetiniň London şäherine iş sapary