Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň üçünji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlaryň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi.
Maslahatyň dowamynda deputatlar “Türkmenistanyň “Arkadag” medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar.
“Türkmenistanyň “Arkadag” medalyny döretmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynda “Arkadag” medalynyň Türkmenistanyň döwlet sylagy bolup durýandygy, onuň durmuş, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, meýletinçilik işleriniň ösmegine, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş hyzmatlarynyň guralmagyna, şeýle hem hemaýata mätäç çagalara we ýaşlara maliýe we maddy kömegini, maslahatlary we usuly taýdan kömek bermekde uly goşant goşan Türkmenistanyň raýatlaryny we daşary ýurt raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredilýändigi görkezildi.
Gün tertibine laýyklykda, deputatlar “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Katar Döwletiniň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny özara höweslendirmek we goramak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda maýa goýumlaryny höweslendirmek we özara goramak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda” kanunlaryň taslamalaryna garadylar.
Ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň esasy maksady taraplaryň arasynda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, maýadarlaryň maýa goýum işini amala aşyrmaklary üçin hukuk kepilliklerini berkitmek üçin hyzmatdaşlygyň hukuk çarçuwasyny döretmekden ybaratdyr.
Maslahatda şeýle hem “Ýadro heläkçiligi barada dessin habar bermek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda” we “Ýadro ýa-da radiasiýa heläkçiligi ýagdaýynda kömek bermek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda” kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.
“Halkara korrupsiýa garşy Akademiýasyny Halkara guramasy hökmünde döretmek hakyndaky Ylalaşyga goşulmak hakynda” kanunyň taslamasyna seredilende, deputatlar bu kanunyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda, halkara şertnamalary baglaşmagyň, olary ýerine ýetirmegiň, üýtgetmegiň we bes etmegiň düzgünlerini kesgitleýändigini bellediler.
Maslahatda “Ýewropa – Kawkaz – Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulmak hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem, deputatlar “Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”; “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda”; “Türkmenistanyň Gümrük kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”; “Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda”; “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň kanunlarynyň taslamalaryna garadylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.
