MEDENIÝET

Medeniýet hepdeligi we nobatdaky açylyş dabaralary

Şu ýylyň 22-27-nji iýuny aralygynda ýurdumyzyň Lebap welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçiriljek Medeniýet hepdeligi hem-de baýramçylyk açylyş dabaralary barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Lebap welaýatyndaky döredijilik çäresi we onuň maksatnamasy barada aýdyldy.

Medeniýet hepdeligine gabatlanyp, welaýatda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda Kerki şäherinde howa menziliniň, Türkmenabatda “Türkmeniň Ak öýi” binasynyň, Farap etrabynda “Çagalar dünýäsi” medeni-dynç alyş merkeziniň açylyş dabaralaryny geçirmek meýilleşdirildi.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli mazmunly birnäçe çäreler geçiriler. Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda täze sahnalaşdyrylan “Gül-Bilbil” operasynyň ilkinji görkezilişi bolar.

 

Türkmenistanda sementiň täze görnüşi öndürilýär

Ýene-de okaň

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri