SPORT

Mbappe PSŽ-de galar

Fransiýanyň «Pari San Žermen» (PSŽ) toparynyň fransiýaly hüjümçisi, dünýäniň ökde futbolçylarynyň hatarynda görkezilýän Kilian Mbappeniň şu ýyl tomusky transfer möwsüminde başga topara satylmagyna rugsat berildi.

Fransiýanyň metbugatyndaky habara görä, bu barada toparyň eýesi Kataryň Emiri Tamim bin Hamad Al-Taniniň gutarnykly çözgüdi bar. Kataryň Emiri futbolçynyň satylmagyna garşy çykdy.

Metbugatdaky habarlara görä, bu oýunçy bilen Ispaniýanyň “Real Madrid” topary gyzyklanýar. Dünýäniň iň ökde futbolçysy hasaplanýan Lionel Messi hem Kilian Mbappe ýokary baha berdi. Messi bu futbolçyny örän çalt we hüjümleri nädip tamamlamalydygyny bilýän hem-de örän howply oýunçylaryň biri hökmünde görkezdi.

Mbappeniň PSŽ topary bilen şertnamasynyň möhleti 2022-nji ýylyň iýunynda tamamlanýar. Bu futbolçy toparynyň düzüminde 32 duşuşykda oýnap, 29 gezek tapawutlandy.

Ýene-de okaň

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar

Türkmen türgenleri sambo boýunça Dünýä kubogynda 11 medal gazandy

25-nji sentýabrda Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk geçiriler

Osman Dembele “Altyn top” baýragynyň eýesi boldy

Ata Watan Eserleri

Mourinýu 25 ýyldan soňra täzeden «Benfika»-nyň baş tälimçisi boldy

AFK Çempionlar ligasy 2: «Arkadag» ilkinji tapgyry 1 utuk bilen başlady