SPORT

Mbappe “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň fransiýaly hüjümçisi Kilian Mbappe Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Geňeşiniň (UEFA) düzümine girýän döwletleriň futbol boýunça milli çempionatlarynda iň köp gol geçiren futbolça berilýän “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy.

Ol Ispaniýanyň çempionatynda 31 gol geçirdi we 62 tutuk jemledi. Bu ugurda ony ýetip biljek Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň müsürli futbolçysy Mohammed Salah boludy, ýöne ol çempionatda 29 gol geçirdi.

Şeýlelikde, Salah 3-nji orny eýeledi. Ikinji orny Portugaliýanyň “Sporting” toparynyň şwed hüjümçisi Wiktor Dýokereş eýeledi. Ol 39 gol geçirdi, ýöne bu ýurduň çempionatynda her bir gola 1.5 utuk berilýändigi üçin ikinji orny eýeledi. Angliýada we Ispaniýada her bir goluň utugy 2-ä deňdir.

26 ýaşyndaky Mbappe ilkinji gezek “Altyn aýakgap” baýragyna mynasyp boldy. Şeýle hem ol bu baýraga “Real Madrid” toparynda çykyş edip başlan ilkinji ýylynda eýelemegi başardy. Mbappe 2024-nji ýylyň tomsunda ispan toparyna geçipdi. Şeýlelikde, Mbappe 9 ýyldan soňra “Realyň” düzüminde bu baýraga mynasyp boldy. Ispan toparyndan soňky gezek 2015-nji ýylda portugal ýyldyz Kristiano Ronaldo bu baýragy eýeläpdi.

“Altyn aýakgap” baýragy 1968-nji ýyldan bäri gowşurylýar we ony iň köp gazanan Lionel Messidir. Onuň görkezijisi 6-a deňdir.

2024-nji ýylda bu baýragy Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň düzüminde çykyş edýän Garri Keýn geçiren 36 goly bilen eýeläpdi.

Ýene-de okaň

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi