SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Maýmyn mama keselini ýüze çykarýan test serişdeleri taýýarlanýar

Amerikanyň “Abbott Laboratories” farmasewtika kompaniýasy lukmançylyk test serişdelerini işläp düzmek bilen meşgullanýar. Bu kompaniýanyň test-synag serişdeleri häzirki döwürde möwç alýan maýmyn mama keselini ýüze çykarmaga mümkinçilik berer. Bu barada kompaniýanyň wekili “Reuters” habarlar gullugyna habar berdi.

Onuň bellemegine görä, kompaniýa test-synag serişdeleri toplumyny öndürip, özüniň jemgyýetçilik saglygy pudagyndaky hyzmatdaşlaryna hödürlemek isleýär.

– Ýagdaýlar seljerilip, goşmaça test-synaglary üçin zerur bolan enjamlary kanagatlandyrmak üçin ähli çäreler görler – diýip, “Abbott Laboratories” farmasewtika kompaniýasy wekili habar berdi.

Bu bildiriş ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezleriniň (CDC) ýedi ştatda dokuz maýmyn keseliniň tassyklanmagyndan soňra mälim edildi.

Maýmyn mama – seýrek duş gelýän wirus keseli bolup, adamlara köplenç ýabany haýwanlardan geçýär. Keseliň alamatlarynyň arasynda gyzdyrma, kelleagyry, bogun agyrylary, arka agyry, limfa düwünleri çişmek, sowuklama we ýadawlyk bar.

Şeýle hem bedeniň dürli böleklerinde deriniň dökülmeleri ýüze çykýar.

 

 

Parižde futbol şüweleňi: “Real Madrid” -“Liwerpul”

 

 

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi