SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Maýmyn mama keseline garşy derman tapyldy

Tutuş dünýäde möwç alan maýmyn mama keseline garşy derman işlenip düzüldi. ABŞ-da işlenip düzülen tekowirimat dermany maýmyn mama keseline garşy göreşmekde netijeli bolup durýandygy bellenildi. Bu barada meşhur “Lancet” žurnalynda beýan edildi.

– Häzirki wagtda biziň kärdeşlerimiz maýmyn mama keseliniň köküni açmak üçin iş alyp barýarlar. Olar bu wirusyň ýaýramak ugruny seljerýärler. Şeýle hem biz ozal şeýle kesellere garşy ulanylan wirusa garşy derman serişdeleri bilen hem gyzyklandyk – diýip, Liwerpul uniwersitetiniň ylmy işgäri Hýu Adler belläp geçdi.

Onuň bellemegine görä, 2018-nji we 2021-nji ýylyň maglumatlary seljerilip, hünärmenler 2 derman serişdesini – brinsidofowir we tekowirimat serişdelerini saýlap aldylar. Olaryň birinjisi ýel mama keseline garşy göreşde ulanylypdyr.

Tekowirimat serişdesiniň mama keseli wirusynyň köpelmeginiň öňüni almaga mümkinçilik berendigi, brinsidofowiriň bolsa bu kesele garşy göreşde onçakly bir netijeli bolmandygy bellenilýär.

Tekowirimat näsagda hiçi hili gaýragoýulmasyz ýagdaý döretmän, onuň özüni duýşuny gowulap, çalt sagalmagyna mümkinçilik berdi.

Şonuň üçin bu derman serişdesini maýmyn mama keseline garşy göreşde ulanyp boljakdygy bellenildi.

 

“Moderna”: maýmyn mamasy üçin sanjymy synag edýär

Ýene-de okaň

Beýik Britaniýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza ulgamyndaky üýtgeşmeler barada habar berdi

Fransiýanyň syýahatçylykda täze taryhy rekordy

Ata Watan Eserleri

Hytaý Beýik Britaniýanyň we Kanadanyň raýatlary üçin wizasyz düzgüni girizýär

BSGG-niň ýolbaşçysy çagalar üçin sosial torlarda ýaş çäklendirmelerini girizmäge çagyrdy

Alymlar Nipah wirusyna garşy sanjym işläp düzdüler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi