SÖHBETDEŞLIK

Maýa Weligylyjowa  – wysalyna gowşan arzuw

Sungat-bu jadylaýjy gudrat, añrysyna ýetme ýok. Bu gudratdan gör-bak näçe adam lezzet alýar. Daşyndan synlanyñda, seni özüne maýyl edýän teatr sungatynyñ içinde gaýnap joşýan aktýorlar gör  nähili synaglary başlaryndan geçirýändir öýdýärsiñiz? Olar  her gezek häsiýetleri, ýaşy, wezipesi boýunça biri-birine düýbünden gabat gelmeýän dürli-dürli adamlaryñ keşbine girip, sahna meýdanynda giden bir durmuşy wakany biz-tomaşaçylara ýakyndan tanyş edýärler. Şonuñ ýaly-da şol aktýorlar  ýene-de kino sungatynda-da giden bir wakany beýan edip, kino muşdaklarynyñ añynda galmagy başarýarlar. Biz hem çäksiz höwes,  yhlas, söýgi bilen teatr we kino sungatyna gadam basyp  özüniñ ajaýyp keşpleri bilen halkyñ gyzgyn söýgüsine mynasyp bolan aktrisa zenan Maýa Weligylyjowa bilen “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnalynyñ www atavatan-türkmenistan.com saýty üçin söhbetdeş bolduk.

– Maýa salam, ilki bilen çakylygymyzy kabul edip, biziñ bilen söhbetdeşlik geçirmäge gelendigiñiz üçin döredijilik toparymyzyñ adyndan köp  sag bolsun aýdýarys. Ilki bilen söhbetdeşligimiziñ başyny şeýleräk sorag bilen başlasym gelýär:

Megerem aktrisa  bolmak çagalyk arzuwyñyz bolsa gerek ýa-da tötänlikmi?

– Çagalyk arzuwym. Ol arzuwymyñ döremegine-de dünýäde  owadan tanslary, meşhur aýdymlary bilen tanalýan hindi kinolary  sebäp boldy. Men hem şol hindi kinolarynda baş keşpleri ýerine ýetirýän kino sungatynyň wekilleriniň her biriniñ keşbini ýerine ýetirişine,  aýdym aýdyşlaryna,  tans edişlerine  haýran galyp seredýärdim.  Görýän hindi kinolarymyñ ählisinde-de  baş keşpleri ýerine ýetirýän gyzlara meñzemek islärdim. Hatda öýde hiç kim ýok wagty, ejemiñ öýmelerini, hamana hindileriñ milli lybasy bolan sary hökmünde göz öñüme getirip,  özümi-de  meşhur aktrisa Rekha saýyp, aýnanyñ öñüne geçip tans ederdim. Umuman çagalykdan aktrisa bolmaga mende höwes ulydy. Muny duýan ejem meni sungata höwesli çagalar we ýetginjekler üçin niýetlenen aýdym-saz gurnagyna okuwa berdi.  Ol ýerde okaýan döwrüm  aýdym aýdyp, tans edip, deñ-duşlarym bilen kiçiräjik degişme sahnalaryny goýup, köpçülik çärelerine işeññir gatnaşýardym. Bu günki günde bolsa, şol çagalyk arzuwym, yhlasym  wysalyna gowşup, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyñ sahnasynda, şeýle-de türkmen kinolarynyñ birnäçesinde dürli keşpleri döredip, söýýän kärimde zähmet çekýärin.

Teatrda we kinoda sizi halka tanadan keşpleriňiz barada gürrüň beräýseňiz?

– 2001-nji ýylda Türkmenistanyñ halk artisti Ata Alowow “Şasenem-Garyp” spektaklyny sahnalaşdyrdy. Şol spektaklda men hem  Garybyň jigisi Güljemalyň  keşbini ýerine ýetirdim. Örän kyn we jogapkärçilikli keşpdi. Sebäbi spektaklda Güljemiläniñ aglamakdan ýaña gözleri kör bolýardy. Ol wagtam meniñ ýañy işe başlan wagtlarymdy. Dogrusy, birbada kör gyzyñ keşbini ýerine ýetirmek añsadam bolmady. Ýöne halypalaryñ maslahatlary we ynamy bilen bu keşp teatryñ sahnasynda döreden iñ bir şowly, meni halka tanadan keşplerimiñ biri boldy. Şondan soñra teatra gelýän tomaşaçylaryñ köpüsi meni “Şol kör gyzyñ keşbini ýerine ýetiren aktrisa” diýip tanaýardylar.

Kinoda şowlulyk getiren keşbim barada aýtsam…

Men aýdaýyn, megerem “Şaýly gelin” kinofilmdäki Solmazyň keşbi bolsa gerek. Sebäbi “Kakajan maňa şol oglan hem bolýar” sözüňize häzir hem muşdaklaryň arasynda ýatlaýanlara gabat gelýärin.

Hawa, şol kinoda Türkmenistanyň at gazana artisti Öwez Gelenow kakamyň keşbini ýerine ýetirýär. Meni öz halaşýan oglanyma mynasyp görmeýär, welin kakam bilen meniň aramdaky gülki wakalar bu kinofilmiň esasyny düzdi. Bu gyzykly başdan geçirmeler häzir hem tomaşaçylaryň aňynda gowy orun aldy. Şonuň üçin bu keşbimi meni halka tanadan keşbim hasaplaýaryn.

Ýene-de “Altyn asyr” teleýaýlymy tarapyndan yzygiderli goýberilýän “Durmuş kyssalary” atly köp bölümli kinonyñ bir bölüminde çagasy bolmaýan enäniñ  keşbini ýerine ýetirdim. Şol kinodan soñra  ýolda-yzda gabat gelýän tomaşaçylaryñ arasyndan “Siziñ durmuşda-da çagañyz ýokmy?” diýip, soraýanlaram  boldy. Olara “Hudaýa şükür özüm ene, iki sany çagam bar. Bir oglum, bir gyzjagazym bar” diýýän hem bolsam, tomaşaçylar “Şeýle bir keşbiñizi ynandyryjy ýerine ýetiripsiñiz, biz çagañyz ýokdur öýdip pikir etdik” diýýärler. Elbetde biz  üçin tomaşaçylarda şeýle gyzyklanma döredip bilendigiňi duýmak duýgusyndan uly bagt ýok bolsa gerek.

Keşbiñ şowly çykmagy başarnykmy ýa-da höwes?

– Özümden mysal alyp aýtsam, meniñ pikirimçä höwes gerek. Şu ýerde bir zady belläsim gelýär. Men aktrisa bolmak üçin öz ugrumdan ýokary okuwa birnäçe gezek synanyşsamam  nesip etmedi. Ýöne öwrenmäge, aktrisa bolmaga bolan höwesim meniñ teatra gelmegime, keşplerimiñ şowly çykyp, tomaşaçylaryñ gyzgyn söýgüsini gazanmagy başarmagyma  sebäp boldy. Şonuñ üçinem ilki höwes soñ başarnyk.

Teatra nähili geldiñiz?

– 2001-nji ýylda Türkmenistanyñ halk artisti Ata Alowow “Saýatly-Hemra” spektaklyny  sahnalaşdyrdy. Spektaklyñ halk köpçüligine ýetirilmegine bir hepde galanda “Ulygyzyñ” keşbini ýerine ýetirmeli gyz okuw bilen daşary ýurda gitmeli boldy. Şonuñ üçinem režissýor Türkmenistanyň halk artisti  Ata Alowow bir hepdäniñ içinde Ulygyzyñ keşbini ýerine ýetirip biljek, ukyplyja gyz gözleýär. Türkmenistanyñ halk artisti  Halbike Dowyýewa   maña  “Seniñ  ukybyñ bar,  başarjagyña ynanýan” diýip, meni Ata Alowowyñ ýanyna äkitmek isleýänini aýtdy. Sebäbi  Halbike Dowyýewa meniñ aktrisa bolmagy arzuw edýänimi bilýärdi, häli belläp geçen aýdym-saz gurnagynda okadypdy. Elbetde halypanyñ bu garaşylmadyk teklibi meniñ durmuşyny düýbünden üýtgetdi. Çagalyk arzuwyma tarap birinji ädimimi ätmäge mümkinçilik döredipdi. Biz Halbike Dowyýewa bilen Ata Alowowyñ ýanyna teatra  bardyk. Asyl menden başga-da şol diýilýän keşpde özüni synap görmek üçin  ýigrimä golaý gyz barypdyr. Maña şolaryñ içinden saýlanyp Ulygyzyñ keşbini ýerine ýetirmek bagty nesip etdi. Bu meni bir tarapdan begendirse, bir tarapdan diýseñ tolgundyrdy. Sebäbi çagalygymdan arzuw edýän halypalarymyñ öñünde çykyş etmek, olaryñ berjek maslahatlaryny diñlemek  mümkinçiligi döräpdi. Onda-da Ata Alowow diýlende gaty  çekinýärdim. Şeýlelik bilen teatryñ sahnasynda ilkinji keşbimi ýerine ýetirdim. Halypalaram, tomaşaçylaram bu keşbi ýerine ýetirişimi diýseñ gowy gördüler. Şol spektakldaky çykyşymdan soñ, Ata Alowow meni teatrda işe alyp galdy. “Leýli-Mejnun” sahna oýnunda Leýliniň keşbi bilen Türkiýe Respublikasynda çykyş etmek nesip etdi.   Ilki-ilkiler öz ugrumdan hiç ýerde okaman soñ, sahnada keşp döretmekde birneme kösenýärdim, ýöne halypalar sag bolsunlar, kän zat öwretdiler. Kämil aktrisa bolmak üçin esasy gerek zadyñ diñe yhlas, zähmet, ynamdygyna ynandyrdylar we şeýle-de boldy.

Kämil sungat işgäri nähili bolmaly?

– Öz hünärine ussat bolmaly. Ussat bolmak üçinem komediýa, drama, tragediýa tapawudy ýok, hemmesini hem ýeñillik bilen ýerine ýetirmegi başarmaly. Mysal üçin režissýor  Aýnazar Batyrowyñ  sahnalaşdyran “Hakyda” spektaklynda Ogultäç Hanyýewa ogly urşa gidip yzyna dolanmadyk enäniñ  keşbini ýerine ýetirýär. Şeýle bir keşbiñ içinde ýaşaýar welin, spektaklyň dowamynda şol keşp şonuñ özüne ýazylan ýaly duýýarsyñ. Häzir hem başga aktrisalaryñ hiçisem Ogultäç Hanyýewanyñ derejesinde şol keşbi ýerine ýetirip bilenok. Sungat işgäri kämil, has dogrusy ussat bolanda şeýle bolýarmyka diýýän.

Komediýa, drama, tragediýa. Size has haýsy ýakyn?

– Edil häzir maña hemmesem ýakyn. Eger on ýyl mundan ön soran bolsalar drama diýmegimem mümkindi. Ýöne  Bilbil Mämmedowanyñ sahnalaşdyran “Nurana şekiller” spektaklynda, Merdan Handurdyýewiñ sahnalaşdyran  “Demir aýal” spektaklynda  komediýada keşp ýerine ýetirdim. Elbetde bularyñ ikisem öñki oýnaýan keşplerimden düýpli tapawutlanýar. Sebäbi başda men köp spektakllarda  “Bir Selbiniñ yşkynda” Selbi,  “Etme oglan sen oýunda” Bossany, “Hakydada” Güljemaly, başga-da birnäçe spektakllarda mähirli, mylakatly zenanlaryñ keşbini ýerine ýetiremsoñ, birden dramadan, tragediýadan çykyp, komediýa  geçmek añsadam bolmady. Ýöne halypalaryñ belleýän bir sözi maña ullakan kömek etdi   “Kän gaýtalanyberse, owadan sözler hem öz gözelligini ýitirýär eken”. Men hem şol bir häsiýetli obrazlary janlandyrmak bilen çäklenmän, dürli hili keşplerde özümi synap gördüm.

Kinoda we teatrda ýerine ýetiren ajaýyp keşpleriñiz dogrusynda gürrüñ berdiñiz. Kino ýa-da teatr. Sizi haýsy ugur özüne çekýär?

– Meniň iki sany çagam bar. Bu soragyñyzam “gyzyñyzy  gowy görýärsiňizmi, ýa-da  ogluñyzy?” diýip soralýan ýaly gelýär. Sebäbi maña kinoda, teatram ýakyn,  ikisinem gowy görýärin. Şonuñ üçinem ikisinem biri-birinden aýyryp bilemok. Häzir bir režissýor kino düşürjek diýse, uly höwes bilen gidýärin. Ýa-da  teatrda keşp  berilse, şol  keşbi ynandyk diýseler, yüregim bilen ýerine ýetirýärin. Şonuñ üçin ikisem öz çagam ýaly ýakyn.

Artist keşbi keşp edýärmi ýa-da keşp ony taplaýarmy?

– Artist keşbi keşp edýär. Dogry dramaturg keşbi ýazýar, režissýor goýýar, ýöne ony janlandyrmak döretmek artistiň özüne bagly. Näçe gowy ýazylsa-da, artist ssenariýadaky  häsiýeti  berip bilmese, peýdasy ýok, keşp kemala gelmeýär.

Durmuşdan öwrenen iň uly sapagyňyz näme?

– Durmuş bize her ädimde bir zat öwredýär. Ýöne iň uly öwrenen sapagym ýykylmaklygyň aýyp däl-de, ýeriňden turup, ýene öňe ýöremek möhüm bolup durýary. Durmuş maňa islendik ýagdaýda-da ruhdan düşmezligi we diňe öňe ýöremegi öwretdi.

Manyly jümleleri  okamagy gowy görýärsiňizmi?

-Hawa

Öz ýüregiňize ýakyn görýän bir jümläni biziň bilen paýlaşaýyň!

-Bolýa.

– Hiç haçan hiç kime hiç zady subut etme, diňe dymyp, öňe hereket et, siziň hereketleriňiz siz barada ähli zady subut eder.

Bu jümle meniñ durmuşymyñ ýörelgesi.

Arada bir ýazyjynyñ şeýle setirlerine gabat geldim:

“Söýýän gabanýan däldir, söýülmegini isleýän gabanýandyr”.

Şunuň bilen ylalaşýaňyzmy?

-Hawa, söýseňem gabanýaň, ýöne söýülmegini isleýän has gabanýarmyka diýýän. Sebäbi söýýän adam hemişe  seniñ aladañ bilen bolýar, gabanmaga pursat goýanok. Näme üçin biz ejemizi gabanamyzok, sebäbi ejemiziň biz üçin edýän aladasyny, mährini her ädimde duýýarys. Şonuñ üçinem söýýänem gabanýar, ýöne söýülmegini isleýän has gabanjañ  bolýar.

Şowlulyk gazanylýarmy ýa-da ykbalyñ bize tötänleýin sowgadymy?

– Ykbalyň sowgady. “Näçe ylgasaň ylga, bary bir gazananyň nesibäňdäki bolar” diýilýär. Ýaňy  hem belläp geçişim ýaly, maña näçe höwes etsemem öz ugrumdan okamak nesip etmedi. Ýöne ykbalymyñ garaşylmadyk sowgady bilen teatrda zähmet çekýärin. Aslynda men tanymal bolmak üçin aktrisa bolmagy arzuw etmedim, diñe ýüregimdäki bu hünäre, keşp ýerine ýetirmäge bolan söýgimi kanagatlandyrmak üçin geldim. Ýöne keşplermiñ şowly çykmagy tomaşaçylaryñ söýgüsine mynasyp bolmagy ykbalymyñ maňa sowgady bolsa gerek.

Eger arzuw, umyt, ynam üçüsiniň suratyny birlikde çekmeli bolsaňyz nähili surat çekerdiňiz?

– Maşgalamyň, ýagny mähriban käbämiñ, göz-guwanjym bolan çagalarymyñ  suratyny çekerdim.

Iň uly üç arzuwyňyz?

– Birinjisi söýýän kärimde zähmetimi gaýgyrman işlemegimi dowam etmek. Ikinjisi çagalarymy okuwly bilimli etmek. Üçünjisi şolaryñ miwesini görmek.

Eger eliňizde geçmişden düzetmäge ýekeje mümkinçiligiňiz bar bolsa nämäni düzederdiňiz?

– Ejemiñ  ýaşyny uzaldardym.

Eger ömrüňizi bir kitap edip ýazsalar, adyna näme goýulmagyny islärdiňiz?

– “Geçen ýollarym” diýerdim. Sebäbi durmuş bizi nähili synaglar bilen ýüzbe-ýüz edende-de, biz barybir şol synagdan, şol ýollardan geçmeli. Şowsyz bolsun, şowly bolsun,  öñü-soñy geçmeli. Sebäbi ynsan ýaşan ömründe hemme zadyñ üstünden geçýär. Şatlygyñ, gussanyň, kynçylygyň we bagtyň. Şoniñ üçinem men hakyndaky kitabyñ şol geçilen ýollar hakynda bolmagyny islärdim.

Geljekki nesiller sizi üç zatda häsiýetlendirip ýatlamaly bolsalar, şol üçlügiñ  näme bolmagyny islärdiñiz?

-Birinji: ynanylan keşpleri örän gowy ýerine ýetirýärdi. Ikinji: hemişe bagtlydy. Üçünji: durmuşda mynasyp ýaşan şekilli ýaşapdy

Sungatda häzirki ýeten derejänizden razymysyñyz?

-Ýok, entäk ýene-de arzuwlarym bar. Ýerine ýetirmek isleýän keşplerim bar. Ýene-de ýaşlara öz ugrumdan sapak beresim gelýär. Özümde bar bolan ukyp başarnygymy zehinimi ýaşlara geçiresim gelýär

Sungatda özüñizi  režissýor hökmünde-de synap göresiñiz  gelýärmi?

– Elbetde sahnada  režissýor hökmünde-de özümi synap görmek islegim  bar. Esasanam milliligimizi şuglalandyrýan, taryhy eserler bilen has ýakyndan gyzyklanýaryn.

Öwgi, şan-şöhrat size nähili ýaraýar?

-Esassyz tankydyň şahsyýeti taryhdan çykaryp bilmeýşi ýaly, esassyz öwgi hem   şahsyýeti taryha salyp bilmeýär. Şol öwgä mynasyp esaslarym bar bolsa elbetde öwgi ýaraýar. Ýöne şan-şöhratam, öwgem ýerinde çägi bilen gowy.

 Ýalñyşmakdan gorkýañyzmy?

– Öñ gorkamokdym. Ýöne indi gorkýan. Durmuş gysga, adam ýaşy ulaldygyça,  goýberjek kiçijek ýalñyşlyklarymyzyñ  soñ, düzedip bolmajak ökünje öwrülip bilmeginiñ mümkindigine has gowy düşünýärsiňiz.

Arzuwyñyz?

– “Her bir halk  dünýäde öz medeniýeti we sungaty bilen tanalýar” diýilýär. Arzuwym türkmen medeniýetiniñ we  sungatynyñ halkara abraýynyñ mundan-da belende göterilmegine ujypsyzja goşandymy goşmak, ýadaman, ýaltanman yhlasly zähmet çekmegi dowam etdirmek esasy arzuwlarymyň biridir.

Ýagşy arzuwyñyza biz hem goşulýarys. Şeýle-de saýtymyzyñ döredijilik toparynyñ haýyşyny kabul edip beren gyzykly we täsirli gürrüñleriñiz üçin  köp sag bolsun aýdýarys.

Söhbetdeş bolan: Aýjeren Gadamowa,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyñ talyby.

 

Atajan Tagan – zehinden zyýada zehin

 

 

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda