BIZNES

Mary welaýatynda mineral dökünleri öndürýän toplum gurlar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň öndürilişini artdyrmak maksady bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, “Maryazot” önümçilik birleşiginiň kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça geçirilýän toplumlaýyn işler hakynda aýdyldy. Konserniň hünärmenleri tarapyndan mineral dökünleri öndürýän toplumyň daşky inženerçilik ulgamlary bilen bilelikde taslamalaşdyrmak we doly taýýar edip gurmak boýunça tehniki tabşyryk taýýarlanyldy.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileriniň mineral dökünlere bolan isleglerini doly kanagatlandyryp, artýan bölegini daşary ýurtlara eksport etmäge, öndürilýän mineral dökünleriň görnüşlerini artdyrmaga mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän täze, döwrebap önümçilikleriň ýola goýulmagynyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çäginde mineral dökünleri öndürýän toplumy gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi

Aşgabatda «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergi geçiriler

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary