SPORT

Maradonanyň adyny göterýän uçar

Birnäçe ýyl mundan ozal aradan çykan ady rowaýata öwrülen futbol ägirdi Diego Armando Maradonanyň ady özüniň köp sanly janköýerleriniň ýüreginde baky ýaşaýar. Meşhur argentin futbolçysynyň hormatyna ýadygärlikler dikeldilýär, käbir stadionlara onuň ady berilýär.

Ine, indi bolsa Maradonanyň hormatyna adaty bolmadyk uçar döredildi. Uçaryň daşky we içki bezegi Maradonynyň suratlary bilen bezeler. Uçaryň salonynda bolsa beýik futbolçynyň wertual görnüşi bilen gürrüňdeş bolmaga şert dörediler.

Bu uçar gämisiniň tanyşdyrylyş dabarasynda Maradonanyň gyzlary Dalma we Jannina gatnaşdy.

Noýabr aýynda bu uçar bilen wip ýolagçylar Katarda geçiriljek dünýä çempionatyna tomaşa etmäge giderler.

“Tango D10S” muzeý uçary Argentinanyň maliýe tehnologiýasy kompaniýasy tarapyndan döredildi.

Bu uçar Barselona we Napoli şäherlerine uçuşlar amala aşyrar. Bu uçuşlaryň hem ähmiýete uludyr. Sebäbi Maradona bu şäherlerde futbol oýnapdy.

 

Türkmen halysynyň baýramy bellener

Ýene-de okaň

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Messi ýoldaşlyk duşuşygynda “Barselona” gol geçirdi

«Arkadag» – «Al-Nasr» duşuşygynda stadiondaky oturjak ýeriňizi çalt tapmagyň tertibi

Ata Watan Eserleri