JEMGYÝET

Maksat — 20 müň tonna şugundyr

Balkan welaýatyndaky şugundyr ekilmeli meýdanlarda sürüm we tekizleme işleri alnyp barylýar. «Bereketli toprak» gazetinde habar berlişi ýaly, şu ýyl gündogar sebitde 3 müň gektar ýere gant şugundyry ekiler. Şunça ýerden 20 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär.

Welaýatda ýazlyk ekilen ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak işleri depginli amala aşyrylýar. Güýzlük ýeralma, bakja ekinleriniň ekiş we ideg işleri hem yzygiderli dowam edýär.

Ýeri gelende, Türkmenistanda gant şugundyryny ýetişdirmek işiniň Mary welaýatynda hem alnyp barylýandygyny aýtmak gerek. Iki welaýatda öndüriljek bol mukdardaky şugundyr Türkmenistanda şeker önümçiliginiň ösdürilmegine şert döreder. Gant şugundyryny gaýtadan işleýän kärhananyň Mary welaýatynda hereket edýändigini ýatladýarys. Soňky ýyllarda bu işe hususy pudagyň wekilleri hem goşuldy.

Ýene-de okaň

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy