JEMGYÝET

Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň italýan dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň italýan dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Çärä ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylary, institutyň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de “Ata Watan Media” topary bilen bir hatarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Tanyşdyryş dabarasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Toýly Kömekow, şeýle hem institutlaryň mugallymlary çykyş  etdiler. Şeýle-de çäräniň barşynda Italiýanyň çaphanasynyň wekiliniň wideoaragatnaşyk arkaly çykyşy diňlenildi.

Bellenilişi ýaly, beýik şahyryň saýlanan eserleriniň italýan diline terjime edilmegi Italiýanyň ägirt uly okyjylar köpçüligine türkmen halkynyň baý medeni mirasy, şeýle hem görnükli şahyryň döredijiligi bilen has ýakyndan tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döretdi.

Tanyşdyryş dabarasynda bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň akyldary Magtymguly Pyragynyň saýlanan eserleriniň 130-dan gowragy italýan diline terjime edildi.

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär