ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Magtymguly Myşşyýew:«Ynanman, «könelýär söýgi» diýseler»

«Garrylar gerek», «Aý dogan çagy», «Gözleriň»… Ýazyjy, şahyr, Türkmenistanyň halk artisti Magtymguly Myşşyýewiň «Ynanman, «Könelýär söýgi» diýseler» diýşi ýaly, onuň goşgularyna döredilen aýdymlara-da diňleýjileriň söýgüsiniň hiç wagt könelmejekdigine ynamym güýçli. Ol aýdymlary diňlänimde, Magtymguly Myşşyýew bilen bagly pursatlary ýatlanymy duýman galýaryn. Agrasdan, ýöne örän ýumşak häsiýetli Magtymguly aga bilen telim gezek gürrüňdeş bolmak miýesser etdi. Onuň bilen ilkinji gezek söhbetdeş bolanymda degişme sahnalarynyň gahrymanlary Poşalak, Annam brigat, Emenek, Topulak hakda hem-de özüniň Esentanyş lakamy, aýdyma öwrülen goşgulary, esasan-da, «Garrylar gerek» goşgusynyň döreýşi barada gyzyklanyp, niýetlän sowallarymy aýtdym. Ol ýylgyrdy-da: «Nesip bolsa, iki günden habarlaşarys» diýip, hoşlaşyp gitdi. Makala «Esentanyşdan başlanan ýol» at bilen çap boldy. Şonda ol ynha, şeýle gürrüň beripdi.

—1930-njy ýylda Gökdepäniň Akgoňur obasynda doguldym. /Arhiwden tapylan resminamalar esasynda/. 1941-nji ýa-da 1942-nji ýylda /gowy ýadyma düşenok/ Tejene göçdük. Urşa giden agam dolanyp gelmedi. Agyr maşgala. Bir eşege ýükümizi urup, paýu-pyýada ýolda-gumda azaşyp, 17 günde Tejene bardyk. Iýmit ýok, suw ýok. Ýagyş suwy bilen mydar edip gitdik. Biz juda açdyk. Men — maşgalanyň körpesi. Ejem pahyr bir çümmük sübselik dänesini gyňajynyň ujuna düwen eken. Men şony iýdim. Tejeniň Gyzyl daýhan obasynda ýerleşdik. Şol ýerde çekene sygyr çopany boldum. Bir gün Mätäjiniň goşgular kitaby elime düşdi. Iki-üç ýyl şony okadym. Başga okar ýaly hiç zat ýokdy. Soň 1944-nji ýylda ýene obamyza dolanyp geldik. Tejene gitmänkäk, latyn elipbiýinde öň azajyk okapdym. Soň, kiril elipbiýini okadym. 1948-nji ýylda Gökdepäniň internadyna girdim. 8-nji synpdakam ýer yrandy. Men kesegiň aşagynda kän ýatdym. Gazyp aldylar. Ejem, gelnejelerim — köp adam pida boldy. 1952-nji ýylda 10-njy synpy gutaryp, Aşgabada okuwa gaýtdym. Oba oglany. Şäherde bilýän ýerim ýok. Okuwa-da girip bilmedim. Şoňa namys edip, oba gaýtman, şäherden iş gözledim. Şo wagtlar Marydaky teatr Aşgabada göçüp gelýärdi. Teatryň otly bilen gelen ýüküni bir hepdeläp düşürdim. Garaz, az-owlak pul berýärdiler. Men şonda Aman Gulmämmede: «Heý, sizde maňa bolar ýaly iş ýokmy?»  diýdim. Dözmedi öýdýän. «Teatryň studiýasynda okarsyň, hemem teatrda oýun bolanda, köpçülik sahnasynda çykyş edersiň» diýdi. Aýlyk berdiler. Ýaşar ýaly jaý berdiler. Iki ýyl teatrda boldum. «Keýmir kör», «Otello», «Derňewçi» ýaly köp adamly oýunlarda kiçiräk keşp berdiler. Internatda bile okan deň-duşlarym dürli institutlarda okaýardylar. Olar: «Pylan oýunda Magtymguly hem oýnaýar» diýşip, ýörite gelerdiler. Tas artist bolupdym. Ýöne meniň okasym gelýärdi. Ugruna boldy-da, uniwersitete okuwa giräýdim. Bolsa-da, işim şowlady şo ýyllar. Men Türkmenistan radiosyna, ýaşlar gazetiniň redaksiýasyna köp gatnaýardym. Makala, goşgy eltýärdim. Gökdepede okaýarkamam, gazete goşgy ýazyp iberýärdim. Çykarýardylar. Ýaşlar gazetiniň bölüm müdiri, belli şahyr, dramaturg Durdy Agamämmedow: «Aý, şu oglanyň goşgusyny çykarmasak boljak däl. Birine jogap ýazsaň, ikisini-üçüsini iberýär» diýýän eken. Onuň aýdanlaryny ýatlap gülüşýärdiler.

Uniwersitetde okaýarkam, bir gezek maňa bir ýumuş buýurdylar. «Ýaş kommunist» gazetiniň baş redaktory Allaberdi aga /Geldiýew/: «Degişmeli goşgy ýa-da kiçijik feleton ýazyp ber!» diýdi. Ýazdym. Gazetde çykdy. Soňra kitabymda-da çykdy. Baş redaktor: «Seni işe aljak. Ýaz arzaňy!» diýdi. Menem: «Entek ikinji ýyl talyp. Başarman, okuwym bar» diýdim. «Öýlän gel. Ýarym gün işläp beräý» diýip, işe aldylar. Şeýdibem, gazete işe geçdim. Özem doly aýlyk bilen. 1963-nji ýylda radio işe çagyrdylar. Şondan bärem şu ýerde. «Bökelek», «Ýartygulak» teleradiožurnallary yzly-yzyna açyldy. Olaryň ikisinde-de redaktor bolup köp ýyl işledim — diýip gürrüň berdi. Söhbetdeşligimiziň arasynda degişme-de aýdyp gürrüňini hasam gyzyklandyrdy. Ol:

— Her hili ýagdaýlar bolýar. Bir gezek bile işleýän ýoldaşlarymyzyň biri ýolbaşçylara duýdurman nobatçylygyny çalşypdyr. Oňa käýinç /özara gürrüňçilikde «wygowor»/ bermeli edildi. Ýalbaryp zordan sypdy. Indi şo ýoldaşymyz bilen tirkeşip öýlerine bardyk. Ol garry ejesine:

—  Eje, ýaňy «wygowor» berjek boldular. «Bermäň» diýip ýalbardym — diýip gürrüň berdi.

Ejesi pahyr «wygoworyň» manysyna düşünenok.

— Wah, balam, oňarmansyň! Berilýän zat bolsa almaly ekeniň. Berilýän zady almasaň, biriň iki bolmaz. Eliň uzadan ýeriňe ýetmez. Başga birine bermedik bolsalar, ertir işe bardygyň al! Geçen ýyl maşyn berenlerinde-de «Pulum ýok» diýip almadyň. Mugt zat bolsa sypdyrma. Zeleli degmez. Özüňe gerek bolmasa, maňa ber. Men ony eşrepi ýaly edip saklaryn — diýdi. Biz garry enäniň gürrüňine hezil edip gülüşdik — diýdi.

Magtymguly aga döredijilik adamlarynyň köpüsi bilen işleşipdir. Bile tirkeşen, işleşen kärdeşlerini ýatlady.

— Özümi örän bagtly adam hasap edýän. Edebiýat, sungat ussatlary bilen bile işleşmek, duz-emek bolmak nesibämde bar eken. Mylly agany gördüm. Diňledim. Pürli Sary, Sahy Jepbar, Çary Täçmämmet, Ata Ably, Ýagmyr Nurgeldi, Garýagdy Aly… aý, garaz kän.

Bir waka ýadyma düşýär. Bir gezek ýörite topar bolup, täze aýdym-sazlary diňleýäs. Her kim durşy bilen gulaga öwrülip, aýdym diňleýär. Birdenem, bir ýoknasyz gapyny açdy. Açypdyr, taň edipdir. Ýeri, ýapaý-da gapyny. Ýok, ol beýtmedi. «O-how, bulary! Salawmaleýkim-ow, adamlar! Hä, aý, bu meň barmaly gapym däl eken-ow!» diýip, gapynam oňly ýapman yza çekildi. Garýagdy Aly oňa bada-bat jogap gaýtardy:

— Ýagşy ýigit, egniňdäki kelläňi täzelemeseň entek-entekler açmasyz gapyny açyp, ýapan ýeriň köp bolar.

Bir günem bir habary aýtmak üçin Sahy agalara ugradym. Sahy agalara pyýada ýöräp baraýmalydy. Öýlerine ýetmänkäm, orta ýolda bagşynyň özi öňümden çykaýdy. Salamlaşdyk. Salamdan soň oňa adaty sowal berdim.

— Sahy aga garraňyzok gerek? Sahy aga ýylgyrdy. Golumdan tutdy.

— Magtymguly jan, hol ýatan ýumruk ýaly daşy görýäňmi?

— Görýän.

— Görýän bolsaň, ýaňy men şonuň ýanyna gelemde ýaýdandym. Oýlandym: «Üstünden ätläp geçsemmikäm ýa-da sowlup». Nädendir öýdýäň? Sowlup geçdim.

Sahy aga hezil edip güldi.

— Garrylyk entek irdir-le! «Garraman indi».

— Halypa ýazyjy Gurbangylyç Hydyrow «Men degişmelerimi Ýewropa äheňinde ýazdym. Aşyrberdi Kürtüň halkara äheňinde öz degişme ýoly bar. Emma, milli degişmäni ýokary derejä göteren Magtymguly Myşşy bilen Tagan Sary dagydyr» — diýýär. Siziň gülküli eserleriňiziň üsti bilen ençeme artistler ýörgünli lakama eýe boldular…diýip sowal berdim.

— 1963-nji ýyldan soň tele-radio ýaýlymlarda işlemegim, meni köp adamlar bilen ysnyşdyrdy. Olar meniň edýän işim bilen dahylly adamlardy. Durdy Sapar, Akmyrat Bäşim, Gurbannazar Atakga, Juma Ýazmyrat, Tagan Sary, Berdi Aşyr we ýene-ýeneler Topulak /Juma Ýazmyrat/, Poşalak /Gurbannazar Atakgaýew/, Annam brigat /Tagan Sary/, Emenek /Berdi Aşyr/ bular käte degşen bolup: «Kakamyz gelýär» diýýärdiler. Olaryň hersiniň özüne at dakylyşy barada ýörite degişme sahnalar bar. Poşalak aýdýar: «Men çagakam gaty garagol bolupdyryn. Meni ejem sallançagyň bagyna daňýan eken. Özüm gaty dogumlyja bolamsoň, diýşim bilen ýüpi kertip, ýüpden boşanýardym. Onsoň maňa: «Boşanak, boşanak» diýipdirler. Soň ulalamsoň Poşalak boldum. Meniň hak adym Boşanak bolmaly».

Emenegiňem ady şoňa meňzeş. «Çagakam emenek bolupdyryn. Goňşy çagalar delje bir zat iýseler, güýjüm ýetse urup alardym elindäkini. Güýjüm ýetmese, zörledip aglap, ejemi kömege çagyrýan. Olam çagalaryň elinden iýýän zadyny gaňryp alyp maňa berýärdi. Şeýdibem, adym Emenek boldy» diýýär.

Annam brigat bolsa, başlygyň ýanyna baryp: «Başlyk aga, öýlenýänçäm meni brigadir belle!» diýip haýyş edýär. Bulary gürrüň bereňde, ýöne bir zat. Ussat adamlar keşbe girip oýnanlarynda, eýýäm başga zat bolýar — diýeninden, özüňize-de Esentanyş diýýärler dälmi?!— diýdim.

— Men häli ýaşlar gazetinde işlän döwrümi ýatladym. Şol döwürde gazetiň Esentanyş ady bilen berilýän sahypasynyň ýaňy açylan döwrüdi. Ony taýýarlamak biziň bölümimize, has takygy, meniň hut özüme degişlidi. Dili şerebeli adamlara bil baglaýardyk. Anyk adamlar barada goşgular, gülküli makalalar berilýärdi. Men bir zady anyk aýdyp biljek. Gülki, şorta, henek-degişmä dahylly zatlary taýýarlamak höwesi maňa köp zatlary öwretdi. Şol meselede Esentanyş meniň bilen, menem Esentanyş bilen uly ýola ugrukdyk hasap edýän — diýip gürrüň beripdi.

Ýaşuly ýazyjy bilen iň soňky gezek iş ýerinde sataşanymda, ol: «Men saňa «Başdarak» atly hekaýalar ýygyndymy getirip berjek. Ýöne arhiwimi dörmäge elim degenok» diýipdi. Halypanyň şägirtlerine duşýaryn. Şonda:

Gara gaş ýar, waspyň dilden goýmanam,

Gije baksam, gündiz baksam doýmanam,

Şol gözlerden özge gözi söýmenem,

Nowbaharym, gülli mekan gözleriň —

diýip, ajaýyp sözler bilen söýgüniň owadan pursatlarynyň suratyny çeken Magtymguly Myşşyýew hakda şägirtleriniň, kärdeşleriniň ýakymly ýatlamalaryny diňlänimde, halypanyň kalbyma ruhy lezzet berýän şirin aýdymlary köňlümiň töründe has-da belent ýaňlanýar. Onuň şägirtleriniň biri Bägül Kakalyýewa, Magtymguly agany şeýle ýatlaýar.

— Ilki işe baraýan wagtlarymdy. Ir bilen Gülüstan bazarynyň deňinden işe geçip barýardym. Şlýapaly, egni gök kastýum balakly, eli papkaly ýaşuly adam menden öňürdip deňimden ýöräp geçdi. Onuň ýöreýşi «ýelgamak» ýaly  diýleni. Içimden «tüweleme özä 70 ýaş töweregi bolmaly. Şonda-da ýeňil gopup ýöreýär. Işe barýana meňzeýär. Kim bolsa-da işine höwesli adam eken» — diýip synlaýaryn. Ol edaramyzyň derwezesinden girdi. Yzy süre menem derwezeden girdim. Iş ýerime gelip oturanymdan ýaňky ýaşuly agraslyk bilen salam berip, iş otagymyza geldi. Onuň işgärler bilen degişip saglyk-amanlyk soraşyp durşy şeýlebir özüne çekiji. Ýaşuly daş çykandan o ýaşuly kim?— diýip ýanymdaky gelinden soradym.

— Ýazyjy, şahyr, Magtymguly Myşşyýew.

— Wiý, şol «Başdarak» radio oýunyň awtorymy?— diýip geňirgenip, gaýtadan sorag berdim.

— Hawa.

— Be, ol hekaýanyň gahrymanlary gaty gamgyn adamlar, bu ýaşuly bolsa degişgen diýenimden:

— Annam brigat, Poşalak, Emenek, Topulak ýaly wäşi gahrymanlary döreden awtorda — diýdiler. Şonda Magtymguly aganyň döredijiliginiň köptaraplydygyna göz ýetirip, bu ýazyjy hakda kän zatlary bilmäge gyzyklanmam artdy. Sebäbi çagalygymdan onuň hekaýalary esasynda döredilen radio oýunlary diňläp radio işgäri bolmaga höwes edipdim. Magtymguly aga bilen birnäçe ýyllap bile işleşdik ol işine berlen adamdy. Işe ir gelerdi. Gelşine-de ertirlik edinip işe girişerdi. Şol işläp oturşyna günortanlyk naharyny hemmämizden soň edinerdi. Bir gün ol: — Bägül, şu wagt näme soragyň bolsa ber, jogabyny aýdaýyn. Häzir agzyma çörek salamsoň sorag bermez ýaly— diýip güldi. Düşünmeýän zatlarymy çörek iýip otyrkada soraýar ekenim. Magtymguly aga ýumşak häsiýetli bolansoň, halypa bilen işleşmek örän ýeňildi. Öwrenişip gitdik. Bir gün: — Halypa kitaplaryňdan sowgat beräý-dä! — diýip haýyş etdim. Ol «Aknuryň agtygy» hem-de «Başdarak» atly kitaplaryny getirdi. Magtymguly aga bu kitaplara ýazgy ýazmansyňa — diýdim. —  Bor, ýazaýaryn — diýip telim hepde geçirdi. Magtymguly aga kitaplara şu gün ýazgy ýazyp berýäňizmi ýa-da… ahyrynam…— diýenimden hezil edip güldi-de «Näme ýazgyny ýazman ölüp gidäýer öýdýäňmi» diýip degişdi. «Başdarak» kitabyna: «Mähriban jigim, Bägül! Durmuş bossanynda gunçalap, gülläp ýaşamagyňy arzuw edýärin. Kitapdaky eserleriň ýekejesi size ýaran bolsa-da, özümden hoşal bolardym. Awtor. Goly.26.VI.2007 ý » — diýen ýazgy goýdy. Işgärler köplenç teksti elde ýazyp soňra ýygmaga berýärdiler. Bir gün ýazan tekstimi okatmak üçin el ýazma berdim. Magtymguly aga: — Hä düşnükli hatyň bar eken.

— Hatym owadan däl-ä. Ol: — Owadan bolandan düşnükli bolsa gowy — diýdi. Men häzir haýsy bir ýerde görsem-de, Magtymguly aganyň el ýazmasyny tanaýaryn. Halypamyz Juma Ýazmyradow gürrüň berýärdi. Magtymguly aga edebiýat bölümde işleýär eken. Işiň düzgüni bolsa radioýada efire gitmeli temalaryň meýilnamasy öňünden tabşyrylmaly. Juma aga meýilnamany eline alýarda Arap (Gurbanowyň) aganyň ýanyna barýar. — O how, Arap meýilnama seniň «Toprak» atly hekaýaň goşulypdyr-a — diýýär. Arap aga sada adam eken. Ol ör gökden gelip, Magtymguly aganyň ýanyna barýar. — Magtymguly, ynha, meýilnamada meniň «Toprak» atly hekaýama radio oýun girizipsiň. Mende onuň ýaly hekaýa ýoga — diýýär. Magtymguly aga: — Bolmasa bolarda — diýip ynamly jogap berýär. Onuň şol ynamyny ödejek bolup Arap aga haýdap toprak atly hekaýany ýazýar. Bir sahypany ýazandan Juma Ýazmyradow okap maşinistkalara ýygdyrýar. Şeýdip gyssagly ýagdaýda Magtymguly aganyň ugurtapyjylygy bilen meýilnama goşulan «Toprak» atly radioýun döredilýär. Juma halypa ýene bir zat aýdýardy. Magtymguly Myşşyýew Poşalagyň obrazyny döretmek bilen özüni döretdi — diýerdi. Hakykatdan-da Türkmenistanyň halk artisti Gurbannazar Atakgaýewiň janlandyran Poşalagyň obrazyny göreniňde gahrymanyň mimikasy, hereketi, häsiýeti Magtymguly aganyň hakyky özi bolup dur.

Magtymguly aga, kä wagt bir makalany telim gezek ýazýaň, emma metbugatyň talabyny ödemeýär, ýa-da gaýta-gaýta üstünde işlenip has kämilleşýärmi bilmedim, şol makala saňa üstünlik getiräýýär diýenim-de: — Hawa, döredijilikde onuň ýaly ýagdaý bolýar. Halypalardan öýke-kine etmäň. Taraşlanyp-taraşlanyp çap ediilse okyjynyň göwün islegine ýetip bolýar. «Seslen Ukraina» — diýen uruş döwrüniň temasynda ýazylan gowy aýdym bardyr. Şol aýdymyň goşgusyny Muhammetmyrat Kömekow ýazdy. Bir gün ol şol goşgusyny okap berdi. Gowy goşgy eken. Onsoň oňa «goşgusyny bäsleşige hödürlemegi maslahat berdim. Bäsleşikde 1-nji orna mynasyp boldy» — diýip gürrüň beripdi.

Iş bilen radio ýaýlyma baranymda Magtymguly aga bilen Muhammetmyrat aganyň bir otagda işläp oturanyny görýärdim. Bir gezek baranymda şahyr Muhammetmyrat Kömekowam: — Magtymguly Myşşyýew bilen 21 ýyl bile işleşdik. Watan radioýaýlymynyň ylham bölüminiň müdiridi. Öýkünjeň, dilewar, degişgen, artist ýaly häsiýetli adamdy. Gyzyklanyp sorasam «Ilki işe başlanymda Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrda işe başladym. Köpçülik sahnalarda çykyş edýärdim» — diýip gürrüň berýärdi. 1971-nji  ýylda «Okeanyň gujagynda» atly ilkinji kitabym çykdy. Harby deňiz flotynda dört ýyl gulluk edemsoň, kitabym deňizçileriň durmuşyndan, söýgi hem watançylyk temasynda ýazylan goşgularymyň ýygyndysydy. Magtymguly aga şol kitabymy gowy görüpdir. Ol «Sowet edebiýaty» häzirki «Garagum» žurnalynda syn ýazdy hem-de gowy maslahatlar aýtdy. Magtymgulynyň häsiýeti ýumşak hem köp bilensoň, şägirtler ýanyna maslahat sorap kän gelerdi. Edebiýat bölümiň işi bolsa köpdi. Kä wagt ýanyndaky şägirlerine: «Sowalyňyz bolsa Muhammetmyradyň ýanyna baryňda, sorayyň. Olam köp okan adamdyr» — diýerdi. Soňam: «Köp okan diýýänim, ikimizem deň okan. Seniň okanyňy men okamadym. Meniň okanymam sen okamadyň» — diýerdi. Magtymguly radio oýunlaryň hekaýasyny kän ýazardy. Iş bilen ýetişmese «Muhammetmyradyň gaharyny getirsek, olam hekaýa ýazarla» —diýip kä wagtjyk maňa-da hekaýa ýazdyrardy. Magtymguly aganyň goşgularynyň köpüsi meşhur aýdym boldy. Sebäbini soranymyzda  «radionyň mukam bölümindäki kompozitorlar bilen işleşenimde, goşgynyň ýazylyşy nusgawy edebiýatyň  formasynda düzülse saza ýakyn bolýar — diýýärler» — diýip düşündirerdi. Onuň «Ene» atly powestini Türkmenistanyň halk artisti Abdylla Ýakubow sahnalaşdyrypdy — diýip beren gürrüňi häzirem ýadymda. Magtymguly aga 80 ýaşdan soň dünýeden gaýtdy. Onuň sözlerine döredilen ajaýyp aýdymlary örän kän. Ol aýdymlar halk aýdymlary ýaly hiç wagt könelmejek aýdymlar. Şonuň üçin ussat ýazyjy, şahyr Magtymguly Myşşyýewiň ady aýdym bolup ýüreklerde ýaşaýar.

 Akgül SAPAROWA.

 

Gursagy gülküli Sary Garry

Ýene-de okaň

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri

Çingiz Aýtmatow: halkymyza ýakyn ýazyjy

Ata Watan Eserleri

Öwülýaguly Kulyýew:tötänden ýazylan ýatlamalar

Gara Seýitliýew: ýürekden ýürege yşkyň ýoly bar

Ata Watan Eserleri