Hemişe maglumat adam durmuşynda iň möhüm wezipelerden birini eýeleýär. Adamlaryň ýaşaýan ýerleriniň ählisi maglumatlar gurşawy diýlip atlandyrylýar. Maglymatyň adama edýän täsiri boýunça köp sanly gözlegler, çuňňur ylmy işler bagyşlanýar. Olaryň netijesinde maglumatyň adam tebigatyna we daş-töweregindäki dünýäsine täsiriniň esasy böleklerinden biridigi kesgitlenilýär. Maglumatlaryň jemgyýete ýetirýän täsiriniň uludygy nazara alnyp, onuň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen maglumat howpsuzlygynyň halkara güni döredilýär.
Bu halkara güni kompýuter pudagyndaky iň uly halkara guramasy bolup durýan Hasaplaýyş enjamlary birleşmesiniň (ACM) başlangyjy bilen döredilip, 1988-nji ýylyň 30-njy noýabrynda bellenilmegi ýola goýulýar.
Munuň ilkinji sebäbi Robert Morris tarapyndan 1988-nji ýylyň 2-nji noýabrynda döredilen MIT-de ARPANET-de kompýuterleriň köp sanly ýokaşmagyna sebäp bolan kompýuter wirusynyň epidemiýasy bilen baglanyşyklydyr. Şol ýylyň noýabrynda hem CERT utgaşdyryş merkezi döredilýär.
Hasaplaýyş enjamlary birleşmesi (ACM) ABŞ-nyň federal kanuny boýunça 1947-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda esaslandyrylýar. Ol dünýäniň 83 müň töweregi hünärmenini özüne birleşdirýär. Guramanyň baş edarasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýär.
Bu döwürde maglumat howpsuzlygy bilen baglanyşykly dürli maslahatlar geçirilýär, mysal üçin ACM Kompýuter we aragatnaşyk howpsuzlygy konferensiýasy (CCS), wiruslardan goramagyň usullary boýunça howpsuzlyk çäreleri alnyp barylýar.
Birleşme her ýyl Týuring baýragyny. Greýs Mýurreý Hopper adyndaky baýragy berilýär. Şeýle hem onuň sanawyna Gýödel baýragy, Deýkstry baýragy, Knut baýragy, Gordon Bell baýragy we Paris Kanellakis baýraklary girýär.
ACM guramasy esasy işler alnyp barylýan 170-den gowrak sebit şahamçasyndan we 35 sany ýörite gyzyklanma toparyndan (SIG) ybaratdyr. Mundan başga-da, 500-den gowrak uniwersitet bölümi bar. Guramanyň ilkinji talyp bölümi 1961-nji ýylda Lafeýetdäki Luizianna uniwersitetinde döredildi.
Käbir tematiki toparlar:
SIGACT[en] – algoritmler we hasaplamalar teoriýasy;
SIGAI [en] – emeli intellekt;
SIGCHI-[en] adam bilen maşynlaryň özara täsiri;
SIGCOMM [en] – maglumatlary geçirmek;
SIGGRAPH [en] – kompýuter grafikasy;
SIGKDD [en] – maglumat gazmak; SIGMM – multimediýa;
SIGMOD[en] – maglumatlary dolandyrmak;
SIGOPS [en] – operasiýa ulgamlary;
SIGPLAN [en] – programmirleme dilleri;
SIGSOFT [en] – programma üpjünçiligini ösdürmek;
SIGWEB [en] – web tehnologiýalary.
şulary görkezmek bolýar. Bu tematiki toparlar yzygiderli maslahatlary, seminarlary gurnaýarlar, ýöriteleşdirilen žurnallary çap edýärler. Bu bolsa maglumat ulgamyndaky işleriň ähmiýetiniň ýokarlanmagyna itergi berýär
Gözel EMINOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara
žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.
Hünärmenleriň teswirlerini okamak üçin bu sahypamyza yzygiderli gelip duruň!