BIZNES

Lukmançylyk önümlerini 128 ýurda satýar

Ilkinji desgasyny açmaga taýýarlanan “TURKUAZ” saglyk kärhanasy önümçiliginiň 80 göterimini 128 ýurda eksport edýär.

2000-nji ýylda ultrases enjamynyň öndürilmegi bilen düýbi tutulan “Turkuaz Saglyk” bu pudakda ilkinji bäş kompaniýanyň hataryna girýär.

Häzirki wagtda bu kompaniýa lukmançylyk ulgamynda himiki önümleri, iýmit goşundylary, dermokosmetiki we şahsy ideg önümleri ýaly köp ugurda dürli önümleri öndürýär.

2016-njy ýylda Türkiýe Respublikasynyň Biržalar we Palatalar Bileleşigi (TOBB) tarapyndan geçirilen “Türkiýedäki çalt ösýän kompaniýalary” atly bäsleşiginde ikinji ýeri eýeledi.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti OPEK-iň Halkara ösüş gaznasynyň üçünji ösüş forumyna gatnaşdy

Aşgabatda “Türkmentextile Expo-2025” halkara sergisi geçiriler

Jebelde halkara howa menzili gurlar