Angliýanyň Liga kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň finalynda “Liwerpul” bilen “Çelsi” toparlary duşuşdy. Londonyň meşhur “Uembli” stadionynda geçirilen duşuşykda “Liwerpul” topary 1:0 hasabynda utup, Liga kubogyny eýelemegi başardy.
Kris Kawanyň eminlik eden duşuşygynda “Çelsi” toparyndan 32-nji minutda Rahim Sterlingiň geçiren goly ofsaýt sebäpli hasap edilmedi. Duşuşygyň 60-njy minutynda bolsa, “Liwerpul” toparyndan Wirjil Wan Deýkiň geçirne goly hem ofsaýt sebäpli hasaba alynmady.
Final duşuşygynyň esasy wagty 0:0 tamamlandy. Goşmaça berlen 30 minutyň 118-nji minutynda Wirjil Wan Deýk kellesi bilen pökgüni derweze gönükdirdi.
Şeýlelikde, “Liwerpul” topary Angliýanyň iň gadymy kubogyny eýelemegi başardy we 10-njy gezek bu arzyly kubogyň eýesi boldy. Bu rekord görkezijidir.
“Liwerpul” toparynyň german tälimçisi Ýurgen Klopp bolsa, bu topar bilen 8-nji kubogyny gazandy. German tälimçi şu möwsümiň ahyrynda bu topardaky tälimçi wezipesinden gidýär.
LIGA KUBOGY BARADA…
Angliýanyň Liga kubogy 1960-njy ýylda döredildi. Liganyň kubogy ýa-da Karabao kubogy hökmünde hem tanalýar. Häzire çenli bu kubogyň ýaryşyna Angliýanyň 4 ligasyndan 92 topar gatnaşdy.
