SPORT

Leo – Kataloniýada iň meşhur erkek ady

Ispaniýanyň Kataloniýa sebitiniň Statistika instituty, sebitde täze doglan çagalar üçin haýsy atlaryň dakylýandygy barada seljerme işlerini geçirdi. “Marca” neşiriniň habar bermegine görä, “Barselona” toparynyň argentinaly hüjümçisi Lionel Messiniň meşhurlygy täze doglan çagalara dakylýan atlara hem öz täsirini ýetirdi.

Maglumatlara görä, 2019-njy ýylda Argentinanyň hüjümçisi Lionel Messiniň hormatyna täze doglan çagalaryň 500 sanysyna dakyldy (täze doglan oglanlaryň 8,22%) Leo diýlip atlandyryldy. Emma Mark ady has meşhur bolup, 622 sany doglan çaga dakyldy. 2010-njy ýylda diňe 136 oglana Leo diýip atlandyrylan bolsa, 2017-nji ýylda bolsa 433 sany çaga dakyldy.

33 ýaşly Messi “Barselona” toparynda çykyş edýär. Kataloniýa toparynyň bir bölegi hökmünde ähli ýaryşlarda 729 oýun oýnap, 633 pökgini öz adyna ýazdyrdy we 285 gezek ýardam pasyny berdi. Oýunçynyň topar bilen şertnamasy 2021-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär.

 

Ýene-de okaň

Meşhur horwat futbolçysy Gyrgyzystana tälim berer

Rimde gyşky Olimpiýa oýunlarynyň alawy ýakyldy

Messi Amerikanyň çempiony boldy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynyň bijeleri çekildi: Özbegistan Ronaldo garşy oýnar

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar