SPORT

Kuraş-2023: Myhmanlar üçin döwrebap şertler

Paýtagtymyz Aşgabat Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji myhmanlaryny garşy alýar. Sport baýramçylygynyň myhmanlary we türgenler üçin zerur mümkinçilikleri döretmekde myhmanhanalara hem möhüm orun degişlidir.

Dünýä çempionatyna gatnaşýan resmi wekiliýetleriň, Halkara kuraş assosiasiýasynyň, milli federasiýalaryň wekilleri Olimpiýa şäherçesiniň ýakynyndaky «Sport» myhmanhanasynda ýerleşerler. Döwrebap myhmanhanada ýokary hilli otaglaryň 400-e golaýy bolup, myhmanlaryň birbada 800-sini kabul etmäge mümkinçiligi bar. Bu ýerde bir we iki orunlyk adaty otaglar, lýuks we ýarym lýuks otaglar, mümkinçiligi çäkli adamlar üçin ýörite otaglar, 700 orunlyk mejlisler zaly, 1000-den gowrak müşderä hyzmat edip bilýän restoranlar bar.

«Sport» myhmanhanasynda 25-nji noýabrda Halkara kuraş assosiasiýasynyň kongresini we beýleki birnäçe çäreleri hem geçirmek meýilleşdirilýär.

Dünýä çempionatda bäsleşjek türgenleri we tälimçileri Olimpiýa şäherçesiniň çägindäki «Türgenler» myhmanhanasy kabul eder. 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň myhmanlary üçin gurlan toplum 6 binadan ybarat bolup, olarda jemi 16-dan gowrak otag bar.

Myhmanhana toplumy birbada 3200-den gowrak adamy kabul edip bilýär. Şeýle-de myhmanhanalar toplumynda kafeleriň birnäçesi, köpugurly zallar, sport sagaldyş, owkalama otaglary hem-de türgenler üçin gerekli beýleki ähli amatlyklar göz öňünde tutulandyr.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi