BIZNES

Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisiniň “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna iş sapary

2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçisi we Ilçihananyň wekilleri “Balkan” gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodyna iş saparyny amala aşyrdylar. Saparyň dowamynda myhmanlar zawodyň önümçilik mümkinçilikleri we kuwwaty bilen tanyş boldular. Zawodyň wekilleri tarapyndan häzirki wagtda alnyp barylýan taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada gürrüň berildi. Myhmanlar hususanda, zawodda gurulýan 2 sany gury ýük gämisiniň gurluşyna syn etdiler. Myhmanlar “Balkan” zawodynda ornaşdyrylan häzirki zaman enjamlary we tehniklary aýratyn belläp, alnyp barylýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga taýýardygyny nygtadylar.

Bu saparyň çäklerinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Berkarar» myhmanhasynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyna bagyşlanan bilelikdäki türkmen-koreý maslahaty geçirildi. Maslahata “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň wekilleri, Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekilleri «KOMEA» deňiz enjamlaryny öwreniş assosiasiýasynyň ýolbaşçylary, «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» (KSIT) kompaniýanyň wekilleri hem-de gatnaşdylar.

Maslahat Koreýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Jenap Ji Gyu Taek tarapyndan gutlag sözi bilen başlandy. Ol öz gezeginde Türkmenistan bilen Koreýanyň arasynda, hususan-da gämi gurluşyk pudagynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy belläp, bu babatda gelejekde mundan beýläk hem hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny belledi.

Maslahatyň barşynda türkmen-koreý ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini bellenip geçilip, öňde goýlan taslamalary durmuşa geçirmekde Koreýa Respublikasy bilen bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmaga ynam bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, gämi gurluşygy pudagynda, ýagny, gurulmagy meýilleşdirilýän iki sany gury ýük gämisini gurmaklykda amala aşyrylýan ýokary derejedäki özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtaldy.

Maslata gatnaşanlar Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda gämi pudagynda gazanylan netijeler, ýetilen sepgitler barada hem-de, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody» bilen «Koryo Shipbuilding Industry Technology Co., Ltd.» kompaniýasy bilen bilelikde gazanylan üstünlikler barada tanyşdyryş prezentasiýasy bilen çykyş etdiler.

Maslahatyň ahyrynda iki döwletiň abadançylygynyň bähbidine taraplaryň türkmen-koreý gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin mundan beýläk-de bilelikde tagalla etmäge taýýardyklaryny tassyklanyldy.

Ýene-de okaň

Ýaponiýanyň kömegi bilen gurlan ilkinji metro Wýetnamda açyldy

Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi

Daşary ýurtlarda okaýan talyplaryň okuw töleglerini onlaýn tölemek mümkinçiligi

Ata Watan Eserleri

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgalary döwrebaplaşdyrylar

Eýranda maliýe özgertmeleri: pul birligi çalyşýar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 1 milliard dollardan geçdi