BILIM

Koreýa Respublikasynda talyp hakly bilim almak mümkinçiligi

Koreýa Respublikasynyň Bilim ministrligine degişli Halkara Bilim Instituty (NIIED) 2025-nji ýyl üçin daşary ýurtly talyplar üçin döwlet stipendiýa maksatnamasynyň kabul edilýändigini habar berýär. Arza bermek isleýän dalaşgärler goşulan görkezmeler bilen tanyşyp, biziň ilçihanamyza ýüz tutmalydyrlar. (⇒ Ilçihanada saýlama tapgyry)
Uniwersitetiň saýlama tapgyry boýunça saýlama edilende, görkezmä laýyklykda aýratyn arza bermeli we bu ýagdaýda biziň ilçihanamyz saýlama tapgyryna gatnaşmaýar.
* Maksatnama boýunça derejesi: bakalawr
koreý dilini öwrenmek — 1 ýyl, okuw meýilnamasy — 4-6 ýyl
Şol bir wagtyň özünde, koreý dili synagyndan 5-nji derejeden ýokary şahadatnamasy bolan dalaşgärler koreý dilini öwrenmekden boşadylýarlar.
* Jemi saýlanan dalaşgärleriň sany: 1 adam.
* Arza tabşyryp bilýänler: 2024-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli mekdebi ýa-da kolleji tamamlanlar (ýa-da tamamlamagy meýilleşdirýänler).
* Resminamalary tabşyrmak möhleti: 2024-nji ýylyň 11-nji sentýabry (çarşenbe) – 4-nji oktýabry (anna) aralygy.
*Resminamalary nähili tabşyrmaly: ilçihanada şahsy ýüz tutmak arkaly.
Eger-de sebitler arasyndaky hereket mümkinçiligiňiz ýok bolsa, onda poçta arkaly arza tabşyrmak mümkin (emma elektron poçta arkaly arza kabul edilmeýär).
* Saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyrynyň netijeleri we söhbetdeşlik senesi barada bildiriş: 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabryndan (penşenbe) soňra aýratyn habar berler.
* Ilçihananyň habarlaşmak üçin maglumatlary: +993-6585-7173 (iş wagty: 09:00-18:00)

Ýene-de okaň

Amerikada Stipendiýa bilen bilim alasyň gelýärmi?

Dr.Döwran Orazgylyjov

Tramp emeli aňy çaltlandyrmak üçin “Genesis” missiýasyny işe girizdi

Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy boýunçä bäsleşik geçirildi

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň uniwersitetlerine okuwa iberiler

Türkmenistan, Özbegistan, Gyrgyzystan we Täjigistan ýokary bilim hakyndaky diplomlary özara ykrar ederler

Türkmenistanyň wekiliýeti «Lu Ban ussahanasynyň» ähmiýeti boýunça Hytaýda geçirilen maslahata gatnaşdy