DÜNÝÄ

Koreýa Respublikasy Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministriniň köpçülikleýin diplomatiýa boýunça orunbasary Lim Sang-Wu bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini bellediler.

Taraplar halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Hususan-da, Ýakyn Gündogardaky ýagdaýa deglip geçildi we sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Söhbetdeşler ýokary we iň ýokary derejelerde meýilleşdirilýän saparlara we çärelere taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn gün tertibiniň ähli meselelerini ulgamlaýyn ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli gural hökmünde garalýan türkmen-koreý syýasy we konsullyk geňeşmelerini geçirmegiň ähmiýeti bellenildi.

Lim Sang-Wu pursatdan peýdalanyp, Eýrandan gelýän Koreýa Respublikasynyň raýatlary üçin üstaşyr geçişi üpjün etmekde beren ýardamy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn gepleşikleri mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ýene-de okaň

Ses bermek dowam edýär

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler