Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi hem-de döwlet durmuşyna degişli beýleki birnäçe möhüm meselelere garaldy.
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, sişenbe güni ýurdumyzda ajaýyp baýram bolan Halkara zenanlar gününiň dabaraly bellenilip geçiljekdigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy ýetip gelýän bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, olara berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky Permana gol çekdi. Milli Liderimiz ýerli häkimliklere şu resminamany ýerine ýetirmek üçin degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen enelere Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyz boýunça täze gurlan döwrebap öýleri sowgat bermek barada karara gelnendigini habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz häkimliklere 8-nji mart baýramy mynasybetli zenanlara sowgatlaryň, mynasyp bolan enelere sylaglaryň we sowgat berlen ýaşaýyş jaýlarynyň açarlarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.