JEMGYÝET

Konstitusion Kanun tassyklandy :Halk Maslahaty

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde teklip edilýän başlangyçlary goldaýan resminamalara gol çekdi.

  • Hususan-da, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurmak barada”, “Türkmenistanyň “Zenan kalby”ordenini gowşurmak, şeýle hem” Türkmenistanyň hormatly ýaşulysy ” hormatly adyna eýe bolmak baradaky Permanlara gol çekdi.

Şeýle hem Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Konstitusion Kanunyň taslamasyny tassyklamak hakynda”, şeýle hem “2021-nji ýylda Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny tassyklamak hakynda” Halk Maslahatynyň kararlaryny seretmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň bu kararlary biragyzdan kabul edildi, şondan soň döwlet Baştutanymyz bu resminamalara gol çekdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek babatda köp işleriň ýerine ýetirilendigini belläp, Konstitusiýanyň türkmen halkynyň parahatçylykly ösüşiniň kepili bolup durýandygyny belledi.

Şeýlelikde, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna hödürlener.

Umuman, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde, iki palataly Konstitusion kanunynyň taslamasy tassyklandy. Döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegine laýyklykda Milli Mejlis – Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýlip atlandyrylan we onuň palatalary – Halk Maslahaty we Mejlis bolar.

Şeýle hem, Konstitusion kanunda parlament palatalaryny döretmegiň, mejlisleriň geçirilmeginiň, kanunlaryň kabul edilmeginiň tertibi, Halk Maslahaty we Mejlisiň wekillerine dalaşgärlige bildirilýän talaplar, şeýle hem ygtyýarlyklaryny kesgitleýän kadalar beýan edilýär. Bu kadalar iki palatanyň sazlaşykly işlemegi üçin zerurdyr. Konstitusiýa kanunynyň taslamasyna laýyklykda Esasy Kanundan bir madda aýrylyp, 3 madda goşulyp, 27 maddada degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek göz öňünde tutuldy.

Hormatly okyjylar! Halk Maslahaty bilen baglanyşykly habarlardan habarly bolmak isleseňiz yzygiderli www.atavatan-turkmenistan.com  saýtyny yzarlap duruň. Size habarly etmek üçin döredijilik toparymyz zähmet çekýär. 

Halk Maslahatynyň mejlisi başlady

Halk Maslahaty wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiriler

Halk Maslahaty: Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler

Halk Maslahaty: saglygy goraýyş işgärlerine goşmaça ýeňillikler dörediler

Halk Maslahaty : Habarlary gyzgyny bilen okaň!

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi