SPORT

Konor Makgregor – Dastin Porýe tutluşygy

24-nji ýanwardan 25-nji ýanwara geçilýän gijede Abu-Dabi şäheriniň ýörite Söweş adasynda “UFC 257” atly ençeme söweş tutluşyklary geçiriler. Merkezi tutluşykda Konor Makgregor bilen Dastin Porýe garşylaşarlar. Umumy ýaryşa “UFC” guramasynyň türgenleri, işgärleri, köpçülikeýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşarlar. “The Independent” britan neşirini bellemegine görä, bu tutluşyk üçin Konor Makgregor 5 million dollar, Dastin Porýe bolsa 1 million dollar bilen sylaglandyrylar.

Mundan başga-da her bir türgen tölegli ýaýlymlaryň üsti bilen 1% göterim girdeiji gazanarlar. Mundan öň hem, ýagny 2014-nji ýylda Makregor bilen Porýe garşylaşypdylar. Şol tutluşykda birinji döwde Makregor 106 sekuntdan soňra nokaut arkaly ýeňiş gazanypdyr.

Konor Makgregor soňky tutluşygyny 2020-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Donald Serrone garşy geçiripdir. Takmynan 40 sekuntyň dowamynda ýene-de nokaut arkaly ýeňiş gazanmagy başarypdyr. Porýe hem öz soňky tutlyşygyny 2020-nji ýylda Den Hukera garşy geçiripdir. Emma bu tutluşyk Porýe üçin agyr geçirpdir, ýöne emin agzalarynyň utuk sany boýunça Porýe tutluşykda ýeňiş gazanypdyr.

Konor Makgregor-Dastin Porýe arasyndaky tutluşygy Russiýanyň “Ren Tw” teleýaýlymynda tomaşa etmek bolar.

 

Täleýnama Sahypamyz

“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri