Düýn anna gününiň sport dünýäsindaky esasy wakasy german hünärmen Ýurgen Kloppyň Angliýanyň “Liwerpul” toparynyň baş tälimçisi wezipesinden gidýändigi boldy. Tälimçi topardan gidýändigini energiýsynyň gutarýandygy bilen düşündirýär.
Iňlis toparynda Kloppyň ýerine kimiň geçjekdigi entek näbelli. Käbir çaklama edaralarynyň habaryna görä, Habi Alonso, Pep Leýnders we Stiwen Jerrardyň bu wezipä dalaşgär bolup biljekdigini belleýärler.
German tälimçi Ýurgen Klopp şu möwsümiň ahyrynda toparyň tälimçiliginden gidýändigini toparyň janköýerlerine ýörite wideoýüzlenme bilen beýan etdi. 56 ýaşyndaky tejribeli hünärmen bilen onuň ähli egindeşleri hem topardan gidýär.
Klopp bu topardan gitjekdigini 2023-nji ýylyň noýabrynda hem mälim edipdi.
Ýurgen Klopp 2015-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda “Liwerpul” toparynyň tälimçiligine bellendi. Onuň ýolbaşçylygynda “Liwerpul” topary Çempionlar ligasynyň kubogyny gazandy, Angliýanyň çempiony boldy. Şeýle hem Kloppyň tälimçiliginde topar Angliýanyň kubogyny, Angliýanyň liga kubogyny, UEFA-nyň Superkubogyny we Angliýanyň Superkubogyny gazanmagy başardy.
