MEDENIÝET

Kino dünýäsiniň BAFTA baýraklary gowşuryldy

Kino sungatynyň nobatdaky baýraklarynyň gowşurylyş dabarasy Korollyk festiwal zalynda geçirildi. Britan film we telewideniýe sungaty akademiýasynyň (BAFTA) iň ýokary baýragy bolan “Iň gowy film” baýragyyna Rim papasynyň saýlawlary barada gürrüň berýän “Konklaw” çeper filmine gowşuryldy.

“Iň gowy film” baýragyna “Konklaw” çeper filmi bilen bir hatarda “Anora”, “Brutalist”, “Kämil nätanyş” we “Emiliýa Peres” ýaly filmler bäsleşdi.

“Brutalist” filminiň režissýory Bred Korbet bu ugurdaky baş baýraga mynasyp boldy. “Iň gowy akstrisa” baýragyna bolsa, “Anora” filmindäki amerikaly aktrisa Maýki Medison mynasyp boldy.

“Brutalist” filmindäki keşbi üçin Edrien Brodi “Iň gowy erkek aktýor” baýragyny aldy.

BAFTA baýraklary köplenç “Oskar” baýragy üçin taýynlyk hökmünde kabul edilýär. Bu ýylky “Oskar” baýraklary 3-nji martda gowşurylar.

 

Ýene-de okaň

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty