MEDENIÝET

Keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlener

Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginde onlaýn görnüşde ÝUNESKO-nyň Klaster edarasynyň (Tähran) wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi.

Gün tertibine ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hödürlemek üçin bilelikdäki teklipleri taýýarlamak bilen bagly meseleler girizildi. Hususan-da, gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmeniň “Keşdeçilik sungaty” atly köp görnüşli hödürnamany taýýarlamak barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar pikir alyşmalaryň dowamynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän medeni gymmatlyklaryny, şol sanda keşdeçilik sungatyny aýawly saklamakde UNESKO-nyň çäklerinde hormatly Prezidentimiziň alyp barýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk syýasatynyň aýratyn ähmiýetini bellediler.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ynsanperwer goşulyşmany goldap, medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegini ugur edinýän medeniýet ulgamyndaky ähmiýetli başlangyçlary we taslamalary işjeň ilerledýändigi we iş ýüzünde amala aşyrýandygy bellenildi.

Keşdeçilik sungaty milli medeni mirasyň aýrylmaz bölegi bolup, türkmen halkynyň däpleriniň özboluşlylygyny şöhlelendirýär. Bu sungatyň dünýä üçin ähmiýetiniň ykrar edilmegi ony aýawly saklamaga ýardam edip, halklaryň medeni gatnaşyklaryny has-da berkider.

Ýeri gelende aýtsak, 30-njy ýanwarda milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň ikinji mejlisi geçirildi. Onda ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerini UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek, şeýle hem UNESKO bilen özara gatnaşyklary giňeltmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bathyz goraghanasynda ýene-de bir ene alajagaplaň ýüze çykaryldy

Türkmenistanyň döwlet kitaphanasyna pars dilindäki kitaplar sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

“Altyn Globus” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Las-Wegasda türkmen zenan el sumkasy dünýäniň iň meşhur sport ýyldyzlarynyň ýadygärlikleriniň arasynda ýerleşdirildi

Dr.Döwran Orazgylyjov