MEDENIÝET

Kejebe-geçmişiň gelin ulagy

Aslynda, kejebe gelin alnanda, gelni atasy öýünden mündürip alyp gaýtmak üçin niýetlenen düýäniň howudynyň üstünde jaýlaşykly oturar ýaly bezelip gurnalan  ýörite çadyrdyr. Häzirki döwrüň gelin ulagy hökmünde ulanylan “Kejebe” giň manyly söz . Henizem käbir etraplarda, käbir dialektlerde “Kejebe maşyn geldi” diýen ýaly jümläniň gepleşik dilinde saklanyp galmagam şunuň bilen bagly düşünje. Ol bir döwürler türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr.

Gelin kejebesi gurlanda berk dokalan palasy ýa-da halyny uzoboýuna 4 epläp, içini giňişlik edip, ýürek şekilinde tegeläp goýulýar. Öňünden hataba, yz tarapyndan howuda, iki tarapyndan ýüküň baglaryna berkidilýär. Öýlenýän ýigidiň öýünden gelnalyjy gelende durmuşa çykýan gyz hormatlap kejebä mündürilipdir.

Öňki döwürlerde tä gelin bäbekleýänçä kejebäniň gurulgy durýan halatlary-da bolupdyr.

Söz manysyna baý bolan ene dilimizde bir zat üçin dünýäň daryksa, bir pursatlyk gaharyň gelse “kejebäm darykdy” diýen frazeologizmi hem işjeň ulanylýan söz düzümi hökmünde ýatlamak bolar.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri