BILIM

Kataryň uniwersitetleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek isleýär

Türkmenistanyň Katardaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow Dohadaky Katar uniwersitetine baryp gördi. Ilçi ýurduň öňdebaryjy uniwersitetiniň rekotry Hasan Raşid Al-Derham bilen duşuşdy. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Duşuşygyň barşynda Katar tarapy uniwersitet barada giňişleýin maglumat berdi we hünär taýýarlygynyň dürli ugurlary boýunça bilim almak mümkinçiliginiň bardygyny belledi. Ýokary okuw mekdebiniň rektory türkmen diplomatyna ýüzlenip, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen dürli ugurlarda, ilkinji nobatda yylm-bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny mälim etdi.

Kataryň uniwersiteti – ýurduň iri ýokary okuw mekdebi bolup, Arap ýarym adasynyň iň gowy uniwersitetidir. 1973-nji ýylda döredilen ýokayr okuw mekdebinde 11 fakultet bolup, 30 müňden gowrak talyp bilim alýar.

Ýene-de okaň

Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Hydyr Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025:Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025:Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025: Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebi

Ata Watan Eserleri

Talyp-2025:Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy

Ata Watan Eserleri