2022-nji ýylyň ahyrynda futbol boýunça dünýä çempionatyny geçiren Katar döwletinde bu gezek futbol boýunça Aziýa yklymynyň iň uly ýaryşy bolan Aziýanyň Kubogy ugrundaky çempionat geçirilýär.
Aziýanyň Kubogy 12-nji ýanwar-10-njy fewral aralygynda Aziýanyň 24 milli ýygyndysynyň gatnaşmagynda geçirilýär. Bu ýaryşa gatnaşýan döwletler: Katar, Hytaý, Täjigistan, Liwan, Özbegistan, Awstraliýa, Siriýa, Hindistan, Palestina, BAE, Gonkong, Ýaponiýa, Indoneziýa, Yrak, Wýetnam, Günorta Koreýa, Malýaziýa, Iordaniýa, Bahreýn, Saud Arabystany, Tailand, Gyrgyzystan we Oman gatnaşýar.
2023-nji ýylyň maýynda geçirilen bije çekişligiň çäklerinde milli ýygyndylar 6 toparçada bäsleşer.
Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň Kataryň 8 stadionynda oýnalar. Bu stadionlar 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda hem ulanylypdy.
Guramaçylaryň bellemegine görä, ýaryşyň açylyş duşuşygy anna güni geçiriler, şol gün Katarda dynç güni. Final duşuşygyny hem dynç güni geçirmek göz öňünde tutuldy, bu hem janköýerlere amatly mümkinçilik döretmek maksady bilen guraldy.
Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda toparçalardaky duşuşyklar 12-25-nji ýanwar aralygynda geçirilip, ýarym final 6-7-nji fewralda, final bolsa, 10-njy fewralda oýnalar.
Täze girizilen düzgüne görä, Aziýanyň Kubogynda 3-nji orun üçin duşuşyk geçirilmeýär.
