SPORT

Kasilýasa hem çempionlyk medaly berildi

Şu ýylyň fewral aýynda futbol bilen hoşlaşan ispan derwezeçisi Iker Kasilýasa “Porto” topary tarapyndan 2019/20-möwsüminde Portugaliýa çempionatynda çempion bolandygy mynasybetli çempionlyk medaly gowşuryldy. Kasilýas bu hoş habary “Instagram” jemgyýetçilik torundaky hasaby arkaly mälim etdi.

Kasilýas “Portoda” 2015-nji ýyldan bäri oýnap gelýär. 2019-njy ýylyň 1-nji maýynda derwezeban “Portonyň” türgenleşiginde ýürek keseli sebäpli keselhana ýerleşdirildi. Şondan soň futbol oýnamagy bes etdi.

39 ýaşly Kasilýas “Bu medaly gowşurandygy üçin ähli kärdeşlerime köp sag bolsun aýdýaryn. Elbetde, ilki bilen tälimçiler toparyna uly minnetdarlyk bildirýärin” diýip, aýdýar.

“Porto” bu möwsüm çempionlyk adyny möhletinden öň almagy başardy. Klub 29-njy gezek Portugaliýanyň çempiony boldy.

“Portoda” oýnamazdan ozal, Kasilýas özüniň ösüp ulanan topary bolan “Real Madrid” toparynda 16 ýyl oýnady. “Real Madridiň” bir bölegi hökmünde ol bäş gezek Ispaniýanyň çempiony, iki gezek Ispaniýa kubogynyň, dört gezek Ispaniýanyň Super kubogynyň, üç gezek Çempionlar ligasyny, iki gezek UEFA Super kubogynyň, Klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň ýeňijisi bolmagy başardy.

“Porto” toparynyň düzüminde çykyş eden döwründe ispan derwezeçisi 2017/18 möwsüminde Portugaliýanyň çempiony boldy we ýurduň “Super kubogyna” eýe boldy. Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Kasilýas Dünýä çempionatynda 2010-njy ýylda we iki gezek 2008-2012-nji ýyllarda Ýewropa çempiony bolmagy başardy.

Ýene-de okaň

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Senegal Afrika milletler kubogyny gazandy

Los-Anželes 2028 Olimpiýa oýunlarynyň biletleri satylyp başlaýar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gurban Berdiýew türkmen hüjümçisini synagdan geçirýär