DÜNÝÄ

Kapasadaky iň garry gaplaň

Bengal urkaçy gaplaň ömür dowamlylygy boýunça özüniň ýabany kowumdaşlarynyň arasynda iň garrysy hasaplanýar. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitaby habar berýär.

Ýöne onuň bir aýratynlygy hem ol kapasada ýaşaýar. Ol ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky “Taýger-Krik” goraghanasynda saklanýar. Onuň ýaşy 25 ýyl we 319 gün. 31-nji awgustda 26 ýaşy dolýar.

Adatça kapasada gaplaňlar 15-20 ýyl, ýabany tebigatda bolsa 12 ýyl töweregi ýaşaýar.

Bu urkaçy gaplaň 2000-nji ýylda goraghana getirildi. Ilkibaşda pişikler maşgalasynyň ýabany haýwany bu ýere gelýänler myhmanlardan özüni gizleýärdi. Ýöne wagtyň geçmegi bilen öz täze öýüne öwrenişdi we özüni tomaşa etmäge gelýänleriň öňünde arkaýyn gezelenç edýärdi. Ol entegem ýaş gaplaň çagalaryny dünýä indermedi.

 

 

Tokio-2020: ähli medallary zenan türgenler gazandy

Ýene-de okaň

Ses bermek dowam edýär

Ýewropa tarapy Türkmenistanyň ynsanperwer goldawyna ýokary baha berdi

Türkmenistan bilen Belarus ýük daşamalary boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan we GIZ TransHazar ulag geçelgesini ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeldýärler

ÝB-niň ilçisi: Ählumumy üpjünçilik zynjyrynda Türkmenistanyň orny örän ýokarydyr

«Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň mejlisi geçiriler