SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Kanada öz sanjymyny taýýarlady

Kanadanyň koronawirus ýokanjyna garşy işläp düzen sanjymynyň kliniki synaglaryna başlandy. Ilkinji tapgyrda 60 meýletinçä “PTX-COVID19-B” atly sanjym edildi. Onuň “Moderna” kompaniýasynyň sanjymyna meňzeşdigi mälim edildi.

Kanadanyň işläp düzen ilkinji koronawirus sanjymynyň kliniki synaglary amala aşyrylýar. Ol Toronto şäherindäki “Providence Therapeutics” biotehnologiýa kompaniýasy tarapyndan taýýarlandy. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Brad Sorenson metbugata beren beýanatynda bu sanjymyň ilkinji tapgyrda 60 meýletinçä urlandygy bellenilip geçildi. Kliniki synaglary 3 tapgyrda amala aşyrylar.

– Sanjymlar bedende immun täsirini güýçlendirmek üçin döredildi. Kompaniýamyzyň önümi “mRNA” sanjymy we häzirki wagtda Kanadada ulanylýan “Moderna” sanjymyna meňzeýär – diýip, Sorenson belledi. Ol kliniki synaglardan soňra sanjymy köpçülikleýin öndürilip başlanjakdygyny we munuň üçin desga satyn alnandygyny belledi.

***

RUS SANJYMY EÝRANDA BELLIGE ALYNDY

Dünýäde koronawirus ýokanjyna garşy göreşiň alnyp barylýan döwründe köpçülikleýin sanjym işleri hem giň gerime eýe bolup başlady. Eýran Yslam Respublikasy Russiýa işlenip düzülen “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy.

Bu barada ýurduň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarif belläp geçdi. Ol Russiýa amala aşyran saparynyň çäklerinde rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen bolan duşuşygyndan soňra beren beýanatynda:  “Sputnik V” sanjymynyň Eýranda hasaba alnandygyny habar bermek isleýärin. Ol  sanitariýa edaralarymyz tarapyndan tassyklandy we ýakyn wagtda Russiýada we Eýranda degişli institutlaryň bilelikdäki önümçiligine başlarys diýip umyt edýäris.” diýdi.

 

Sizden Gelenler Sahypamyz

Interaktiw sahypamyz- okyjylarymyzdan gelen habar we eserleriň ýerleşdirilýän sahypasy-sizden gelenler sahypasy siziň iberjek eserleriňize garaşýar!

Ýene-de okaň

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalara kardiohirurgiki we urologiki operasiýalar geçirildi

Ýaponiýaly lukmanlar Türkmenistanda saparda bolýarlar

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri