DÜNÝÄ

“Joker” filmleri üçin 50 million dollar teklip

“Iň gowy aktýor” diýen ugurda Oskar baýragyna mynasyp bolan Hoakin Fenikse “Joker” filminiň dowamy üçin 50 million dollar teklip edilendigi öňe sürüldi. Aktýora  “Joker 2” we “Joker 3” filmleri üçin 50 million dollar teklip edilendigi aýdylýar.

Käbir çeşmelerde Feniksiň ýekeje “Joker” filmini döretmegi maksat edinýändigi bellenip geçilýär. Şeýle-de bolsa aktýoryň bu meselä bolan garaýşy indi üýtgedi. Geçen ýylda ýüze çykan gapma-garşylyklara garamazdan, keşbi täzeden janlandyrmak isleýändigini aýdýar.

“DC Comics” gahrymany Jokeriň ýüze çykmagy barada gürrüň berýän “Joker” filmi kassa ýygymynda 1 milliard dollar gazanyp, rekord goýdy.

“Joker” keşbi üçin Feniks “Oskar” baýragy bilen birlikde BAFTA-da we “Altyn globusda” “iň gowy aktýor” baýraklaryna eýe boldy.

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Hytaýda türkmen-hytaý ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Halkara zenanlar gününiň dabarasy

Trampyň doglan gününde Ak Tamda “UFC” ýaryşy geçiriler

Pekinde türkmen-hytaý restorany açylar

Täjigistanda 2040-njy ýyla çenli 2 milliarddan gowrak bag nahaly ekiler

Türkmenistanyň we Belgiýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň agzalarynyň duşuşygy geçirildi